AJAÝYP ŞÄHERIŇ ŞANLY «ŞAÝATLARY»

photo

Aşgabatdan 18 kilometr günbatarda Köpetdagyň eteginde gadymy Parfiýa döwleti döwründe ýüze çykan Nusaý şäheriniň galyndylary howalanyp dur. Depäniň üstünde ýerleşýän şa galasyna Köne Nusaý, jülgedäki şäheriň aňyrsyndaka bolsa Täze Nusaý diýlen atlar galypdyr.

Taryhy çeşmelerde adybir welaýatyň merkezi hökmünde agzalýan, XIX asyryň başlaryna çenli bar bolan Nusaý şäheri bilen Täze Nusaý bir zat hasaplanýar.

Nusaýda ilkinji gazuw-agtaryş işleri 1883-nji ýylda Zakaspiý oblastynyň başlygy wezipesine bellenen general Aleksandr Wissarionowiç Komarowyň başlangyjy bilen başlanypdyr. XIX asyryň ahyrlarynda, XX asyryň başlarynda Nusaý şäherine meşhur arheologlar Wasiliý Wladimirowiç Bartold we Walentin Alekseýewiç Žukowskiý dagy baryp görüpdirler. Emma Nusaýyň Parfiýa şalarynyň karargähi bolandygy baradaky pikiri ilkinji bolup arheolog Aleksandr Aleksandrowiç Maruşşenko öňe sürdi.

Köne Nusaý bäşburç gala bolup, diwarlarynyň galyňlygy düýbünde 8-9 metre barabardyr. Takmynan biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda bu ýerde kerpiçden we eýlenen palçykdan gorag desgalary, merkezde bolsa uly suw howdanlary we azamatly binalar topary gurlupdyr.

Şondan soň takmynan 2,5 gektar meýdanda ýüzi içerki howla garap duran birgiden jaý gurlupdyr. Gurluşygyň “Inedördül otag”, “Tegelek ybadathana” we “Inedördül jaý” diýlip atlandyrylýan baş binalary, esasan, söweş sahnalaryny şekillendirýän palçyk heýkeller we diwara çekilen suratlar bilen baý bezelipdir.

Köne Nusaýda ýasalan tapyndylaryň arasynda üç müň töweregi ostrakon bar, olar Parfiýanyň hojalyk arhiwinde galan resminamalardyr. Olardaky ýazgy çotga, gara reňk bilen ýerine ýetirilipdir. Alymlar jäjemlerdäki tekstleri okanlaryndan soň, Parfiýanyň taryhy we medeniýeti barada möhüm maglumatlara eýe boldular. Hususan-da, birgiden obalaryň atlary, şol sanda köne Nusaýyň Parfiýa ady bolan “Mihridatkirt galasy”, ýerli hökümet işgärleriniň atlary we wezipeleri aýan edildi.,

Agtaryjylaryň köpüsiniň hazyna diýip hasap edýän “Inedördül öýde” dünýä meşhur şirmaýy ritonlar, mermerden ýasalan heýkeller, teňňeler we başga-da birnäçe gymmatly zatlar tapyldy.

Biziň eýýamymyzyň birinji asyrynda belentlikdäki toplum ulanylyşdan galypdyr. Uzak wagtlap harabaçylyga dönüp ýatan bu toplum XIII – XV asyrlaryň arasynda bolup geçen ýer titremeleriň birinde doly weýran bolupdyr.

Täze Nusaý eýýäm biziň eýýamymyzdan öňki birinji müňýyllykda şäher hökmünde bar eken. Bu şäher baradaky ýatlamalara köp gadymy ýazyjylaryň eserlerinde duş gelmek bolýar. Biziň eýýammymyzdan öňki III asyrdan Nusaýyň depginli ösüşi başlanypdyr.

Orta asyr ýazyjylarynyň galdyran maglumatlaryna görä, şäher Parfiýa döwletiniň möhüm merkezine öwrülenden soň, onuň eteklerinde bag-bakjaly, bagly köp mellek ýerleri peýda bolupdyr; Nusaý häzirki Bagyr ýaly, gök bürenip oturypdyr.

Orta asyrlarda bolsa Nusaý X asyr arap geograflarynyň “Horasanyň galla mekany” diýip atlandyran adybir welaýatynyň baş şäheri bolupdyr. Adyndan belli bolşy ýaly, onuň esasy baýlyklarynyň biri galla bolupdyr. Şäheriň we obalaryň golaýynda köp sanly gök önüm baglary açylypdyr; Nusaý badamjany aýratyn meşhurlyga eýe bolupdyr.

Şäherde senetçilik ösüpdir. Bu ýerde ýasalan käse, tabak we küýze ýaly keramik önümler, şeýle hem, esasan, parfýumeriýa we derman serişdeleri üçin ulanylan dürli reňkli aýna gap-gaçlara bu welaýatdan has uzakda-da köp isleg bildirilipdir.

Köp asyrlyk taryhynyň dowamynda Nusaý Beýik Ýüpek ýolunyň ilkinji kerwenlerini-de kabul edipdir we Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky söwda hem medeni gatnaşyklaryň ösmegine itergi beripdir. Şäher Horezmşalar döwründen, mongollaryň we timurileriň çozuşlaryndan aman galypdyr, emma Horasanyň hökümdary Muhammet Weli-Mürze 1809-njy ýylda bu ýerleri talaňa berenden soň, ilatyň diri galany Bagyr obasyna göçüpdir.

Indi bu iki şäher “Nusaý” döwlet taryhy we medeni goraghanasynyň özenini emele getirýär.

Roman Teplýakow

Ajaýyp şäheriň şanly «şaýatlary» (turkmenistan.gov.tm)