KETENINIŇ ÝÜPEK ÄLEMGOŞARY

Şu ýyl Türkmenistanda 2100 tonna – uzak geçmişi we däp-dessury bolan içerki oba hojalyk senagatynyň öňdebaryjy pudaklaryndan biri üçin gymmatly çig mal – pile öndürildi. Türkmenler gadym döwürlerden bäri ýüpekçilik bilen meşgullanypdyrlar, ýüpekden geýim tikipdirler, olary ýüpek bilen nagyşlapdyrlar. Tebigy ýüpekden tikilen gyşda yssy, tomusda salkyn saklaýan lybaslara ýokary baha berlipdir. Ýüpek ýüplükler aýratyn nepis, ajaýyp önümleri öndürmekde halyçylykda-da ulanylypdyr. Ýüpek gadymy haly nagyşlaryna owadan reňk öwüşginlerini berip, olary ýokary sungatyň ajaýyp nusgalaryna öwrüpdir.
Häzirki zaman önümçilik mümkinçilikleri ýüpekden ýuka şifondan we organzadan başlap, dykyz taftadyr ýüpek parça çenli dürli syklykly we görnüşli matalary öndürmäge mümkinçilik berýär. Eýsem-de bolsa türkmenleriň arasynda ençeme asyr bäri iň meşhur mata elde dokalan ýüpek ketenidir. Berkligi we parlaklygy sebäpli oňa hemişe ýokary baha berlipdir we uly isleg bildirilipdir. Müsüriň, Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň meşhur muzeýlerinde gadymy Merw şäherinde öndürilen türkmen ýüpek matalarynnyň nusgalary saklanýar.
Keteniniň häsiýetli aýratynlygy, matany jähekleýän we onuň dokalyş ugruny nygtamak bilen, önümiň öň tarapyna salnan altyn zolakdyr. Tebigy ýüpek mata gün yşygynda aýratyn reňke eýe bolup, şöhle saçýar we boýaglaryň hili bilen kesgitlenýän reňk öwüşginleri bilen tapawutlanýar. Gadym döwürde keteni matalary boýamak üçin diňe reňkiniň parlaklygy, solmazlygy we daşky gurşaw taýdan arassalygy bilen tapawutlanýan ösümlik boýaglary ulanylypdyr. Esasan iki reňke: ýaşaýyş reňki bolan ýaşyla we türkmen medeniýetine berk ornan gyzyl reňke üstünlik berlipdir. Gyrmyzy keteni toý geýimleri we gelinlik lybasy tikilýän iň kaşaň mata hasaplanypdyr.
Häzirem gelinler toý lybaslaryny keteniden tikýärler, häzirki zaman modaçylary bolsa olara keteni moda toplumlaryndan reňkleriň giden utgaşmasyny hödürleýärler. Olar häzirki zaman şertlerinde gadymy däp-dessurlary ösdürmek bilen, toý we baýramçylyk lybaslarynyň, çaga geýimleriniň ýüpek toplumlarynda däp bolup gelýän matalary ulanýarlar, bu ýerde täze biçüwdäki milli öwüşginler täze, özi-de dabaraly we asylly görünýär.
Ozal erkekleriň adaty keteni geýimi diňe dondur ezýaka köýnek bilen çäklenýärdi, aýallaryň ýüpek geýim toplumynda bolsa köp sanly ýaglyk, gyňaç, başatgyç we köýnek bolýardy. Häzirki wagtda keteni önümleriniň hatary has giň we dürlüdir. Ol erkekler üçin penjek, galstuk we şarf, aýallar üçin bolsa dürli ululykdaky we biçüwdäki elde nagyşlanan ýan torbalar, dürli reňkli ýapynjalar we gyňalar, gapjyklar we serenjam ýantorbalary. Şunuň ýaly keteni önümlerini köplenç türkmen halkynyň bezeg we amaly sungatynyň, şeýle hem aňyrdan gelýän medeniýetiniň täsirine düşen myhmanlar alyp gidýärler.
Bu pudagyň kärhanalary, hususan-da, has ösen tehnologiýalar boýunça ýüpek çig malyny gaýtadan işleýän Türkmenistanyň iň uly kärhanasy, ýagny Türkmenabat ýüpek önümçilik birleşigi ýylsaýyn önümiň möçberini we görnüşini artdyrýar. Ol ýurt içinde we daşyna satmak üçin, ýokary hilli ýüpek matalary, gyňaçlary, ýüplük we ýüpek halylary öndürýär.
Ogulgözel Rejebowa