TÜRKMEN WEKILIÝETI BMG-DE SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMY BOÝUNÇA IŞ MASLAHATYNA GATNAŞDY

Nýu-Ýorkda geçýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde umumy ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde 26 — 27-nji sentýabrda inçekeseli ýok etmek we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ýokary derejeli iş maslahaty geçdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça iş maslahatyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünär ugurly düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

Ýurdumyzyň wekilleri Baş Assambleýa gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşlarynda Türkmenistanda halkyň saglygynyň döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň ileri tutulýan ugry, döwlet Baştutanymyzyň syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. Durnukly ösüşiň maksatlary hem-de 2030-njy ýyla çenli ählumumy Gün tertibi saglygy goraýşyň möhüm ýagdaýy bolup, 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Türkmenistany ösdürmegiň Prezident maksatnamasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. 

Milli saglygy goraýyş ulgamyna gönükdirilýän ägirt uly maýa goýumlar, bu ulgamda toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi ony dünýä ölçegleriniň we häzirki zaman talaplarynyň ýokary derejesine çykarmaga, birnäçe howply keselleri ýok etmegi hem-de beýleki ölçegler boýunça ýagdaýlary ep-esli gowulandyrmagy gazanmaga mümkinçilik berdi. 

Ilatyň saglyk derejesini gorap saklamagy we ýokarlandyrmagy, adamlaryň saglygyny goramaga bolan konstitusion hukuklaryny üpjün etmegi maksat edinýän durmuş-ykdysady hem-de lukmançylyk çäreleriniň ulgamyny peýdalanmakdan has doly netije almaga gönükdirilen döwlet syýasatyny işläp taýýarlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýşyň meselelerine örän giň çemeleşmeleri iş ýüzünde ornaşdyrdy. 

Jan saglygynda adamyň we maşgalanyň diňe bir abadançylygy däl-de, eýsem, döwletiň durnuklylygy, ýokary derejede zähmet çekmäge bolan kuwwatyň zerur şerti, medeni derejäniň görkezijisi, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliliginiň has oňyn ýagdaýy görünýär. Munuň özi milli howpsuzlygyň örän möhüm institutlarynyň biridir, ösen döwletiň ileri tutulýan ugrudyr. 

Belent ynsanperwer ýörelgeler, saglygy goraýşyň ylmy we hukuk esasyň pugtalandyrylmagy, şäherlerde we obalarda lukmançylygyň ähli derejelerde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörelgelerine laýyklykda ösdürilmegi--bularyň hemmesi saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasatynyň — lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ýakyn we alys daşary ýurtlaryň köp sanly uniwersitetleriniň, institutlarynyň, halkara akademiýalaryň hormatly akademigi, professory hem-de doktory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň aýratynlyklarydyr. 

Ýurdumyzda birnäçe ýokanç keselleriň ýok edilendigi hakyndaky halkara şahadatnamalar, şeýle hem bu ulgamda türkmen lukmanlarynyň tejribesiniň BSGG-niň Ýewropa sebitiniň ýurtlarynda ýaýratmak üçin teklip edilmegi saglygy goramak babatda wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň jedelsiz ykrarnamasy bolup durýar. 

Hususan-da, jemgyýetiň saglygyna zyýan ýetirýän inçekesel ýaly, uly howp barada aýdylanda, Türkmenistan bu kesele garşy göreşmekde iň täze «DOTS», «DOTS Plus», «Stop TB» we «End TB» netijeli strategiýalary kabul eden dünýäde ilkinji ýurtlaryň biri boldy. 

Esasy kanunçylyk namalar hem-de Türkmenistanda inçekesele gözegçilik etmegiň esasy ýörelgeleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldaw bermeginde yzygiderli täzelenýär, şonuň netijesinde bu ulgamda ep-esli oňyn öňegidişlikler gazanyldy. 

Türkmenistanda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin inçekeseliň öňüni almagyň we oňa garşy göreşmegiň milli maksatnamasy 2016 — 2020-nji ýyllar üçin BSGG-niň Ýewropa sebitinde inçekesele garşy göreşmek boýunça hereketleriň meýilnamasyna hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna doly kybap gelýär. 

Inçekesel gullugy ilkinji lukmançylyk-sanitar kömeginiň ulgamyna üstünlikli goşulyşdy, ulgamlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk — ministrlikleriň, raýat jemgyýetiniň hem-de halkara hyzmatdaşlaryň arasynda gatnaşyklar pugtalandy. 

Inçekeseli anyklamagyň hiliniň ýokarlanmagyna häzirki zaman barlaghana binýadynyň hemişe giňeldilmegi hem-de keseli ýüze çykarmagyň iň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy, birinji we ikinji derejelerde inçekesele garşy serişdelere elýeterliligiň gowulandyrylmagy, şeýle hem iş tejribesine bejermegiň täze tertibini ornaşdyrmak boýunça taýýarlyk görüş çäreleriniň geçirilmegi ýardam berýär. 

Türkmenistanyň Hökümetiniň 2016-njy ýyldan başlap, inçekeseliň barlaghana anyklaýşy üçin reagentleri we sarp ediş serişdelerini hem-de ony bejermek üçin ilkinji nobatdaky serişdeleri satyn almagy döwlet taýdan üpjün etmegi öz üstüne alandygyny bellemek zerur. 2017-nji ýylda kepillendirilen hili bilen inçekeseli anyklamak we bejermek üçin serişdeleri yzygiderli getirmegi üpjün etmek boýunça ýurduň tagallalarynyň ykrar edilýändigi hökmünde “Inçekeseliň öňüni almak” diýen hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň Derman serişdeleriniň Ählumumy Gaznasy Türkmenistana “Inçekesele degişli serişdeleri satyn almagy netijeli meýilleşdirmek ulgamynda öňdebaryjy” diýen at gowşurdy. 

Soňky ýyllarda Türkmenistanda inçekesele gözegçilik etmek ulgamynda köp oňyn üýtgeşmeler bolup geçdi. BSGG-niň baha bermegine görä, 100 000 ilatyň arasynda inçekesel bilen kesellenilmegi 50 göterime golaý azaldy. Onuň ýüze çykarylan ýagdaýlarynyň görkezijisi 2007-nji ýylda 48 göterim bolandakysyndan 2015-nji ýylda 80 göterime çenli gowulandy. Serişdeler bilen üpjün etmekde ikinji hatar serişdeleriň derejesi 2012-nji ýylda hiç zat bolmandygyndan başlap, 2015-nji ýylda 90 göterime çenli artdy. Inçekesele garşy göreşmegiň milli maksatnamasy ýarawsyzlaryň bejeriş almaga tarap ýykgyn etmekleriniň ýokarlanmagynyň üstünde işleýär: durnukly inçekeseli bolan hassalara derman serişdeleri babatda ýardam berýär hem-de olary bejermegiň howpsuzlygyna gözegçilik edýär. 

Türkmenistan inçekeseli ýok etmek boýunça çäreleri giňeltmek we güýçlendirmek pikirini doly goldaýar hem-de BSGG-niň Ýewropa sebitine girip, 2035-nji ýylyň ahyryna çenli guramanyň öňünde durýan gymmatlyklary, ýörelgeleri we maksatlary doly paýlaşýar. 

BSGG hem-de adamyň immuno ýetmezçiligi sebäpli döreýän kesele, inçekesele we gyzzyrma garşy göreşmek boýunça Ählumumy gazna, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) ýaly beýleki halkara guramalar we edaralar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary Inçekesele garşy göreşmegiň milli maksatnamasynyň üstünlige beslenmeginde öz goşandyny goşdy. Bu maksatnamany özgertmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalaryň esasynda, umuman, saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatyna gönükdirilen ulgamlaýyn çemeleşmäniň ýatandygyny nygtamak möhümdir. 

Beýleki iş maslahaty, ýagny ýokanç däl kesellere garşy göreşmek baradaky mesele barada aýdylanda bolsa, bu ulgamda hem Türkmenistan tarapyndan uly oňyn tejribe toplanyldy. Ýokanç däl kesellere degişli meseleleri azaltmagyň möhüm usullarynyň biri bu keseller bilen baglanyşykly töwekgelçiligiň ýagdaýlaryny azaltmaga tarap tagallalary gönükdirmekden ybaratdyr. Ilkinji nobatda, munuň özi temmäkini ulanmaga garşy göreşdir, sagdyn iýmitlenmegi wagyz etmekdir we ýeterlik fiziki işjeňligiň bolmagydyr, şeýle hem beýleki öňüni alyş çäreleridir ilkinji lukmançylyk-sanitar kömeginiň çäklerinde geçirilip bilinjek keselleri irki ýagdaýynda ýüze çykarmak we olary wagtynda bejermek, ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de ählumumy maksatlary goşmak bilen olara garşy göreşmek üçin gözegçilik ediş ulgamyny kemala getirmek boýunça işlerdir. 

Temmäkiniň ulanylmagyna garşy gözegçiligi üstünlikli amala aşyrmak babatda biziň ýurdumyz ajaýyp mysal we nusga bolup hyzmat edip biler. Şu meselede BSGG-niň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna, şeýle hem temmäki önümleriniň bikanun söwdasyny ýok etmek barada BSGG-niň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň Teswirnamasyna gol çekilmegi bilen uly ösüş gazanyldy. 

Anyk maglumatlar şeýle çäreleriň ajaýyp “maýa goýumlar” bolup durýandygyna şaýatlyk edýär, sebäbi olar öz wagtynda geçirilende has çylşyrymly bejergi etmegiň zerurlygyny azaldyp biler. Şu işleriň esasyna “Saglyk” Döwlet maksatnamasy alyndy. Ol aşakdaky ileri tutulýan ugurlary: ilkinji lukmançylyk kömegini ösdürmegi, şol sanda hünär taýdan taýýarlygy we lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmegi, anyklaýyş gullugy we pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi, öňüni alyş lukmançylygyny ösdürmegi hem-de ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmegi özünde jemleýär.

Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagynda has uly netije durmuş syýasaty bilen utgaşyklykda gazanylýar. Şol syýasatyň möhüm ugry jemgyýetde sagdyn-durmuş ýörelgesiniň berkarar bolmagy, bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, diňe lukmançylyk edaralaryndan başga-da, şypahana-dynç alyş we sport ulgamyny, syýahatçylygy we dynç alşy özünde jemleýän döwrebap saglyk düzümlerini ösdürmekdir. Bularyň ählisi iň beýik baýlyk hökmünde saglyga uly gadyr goýulýan jemgyýetiň kemala getirilmegine gönükdirilendir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýşyny innowasion ýol boýunça ösdürmegiň binýatlyk esasy hökmünde lukmançylyk ylmyny dünýä derejesine çykarmaga örän uly üns berýär. 

Saglygy goraýyş ulgamynda sebit we ählumumy derejede has ähmiýetli tapgyrlaryň biri ýokanç keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça BSGG-niň I Ýewropa ministrler maslahatynda Aşgabat jarnamasynyň kabul edilmegi boldy. Bu jarnama Ýewropa sebitinde we bütin dünýäde ýokanç däl kesellere gözegçilik etmek boýunça hereket etmegiň ugruny kesgitledi. 

Mundan başga-da, ýurdumyzda töwekgelçiligiň esasy alamatlary boýunça BSGG-niň tekliplerine laýyklykda: Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Milli Maksatnama, Ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa hem-de Ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Milli Maksatnama kabul edildi. Bu maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň saglygy goraýyş pudagynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagyna ýardam berip, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda hem uly ähmiýete eýe boljakdygy gürrüňsizdir. 

Saglygy goraýyş ulgamyndaky ýagdaýlar barada anyk maglumatlaryň berilmegi bu hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar. Şol hyzmatdaşlyk saglyk babatda esaslandyrylan syýasy çözgütleriň kabul edilmegini goldaýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda çagalaryň semizligi (COSI), ýag, duz we şeker agdyklyk edýän azyklaryň hili (Feedcities), şeýle hem töwekgelçiligiň esasy ýagdaýlarynyň ýaýramagy (STEPS) boýunça barlaglar geçirildi. 

Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurt bolmak maksadyna ýetmek ugrunda işleýär. Umuman, bu maksada BSGG-niň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň çäklerinde ähli çäreleriň, şeýle hem hususan-da, çagalary temmäkiden goramaga we çilim çekmegiň ýaýradylyşynyň azaldylmagyna gönükdirilen has täze birnäçe çäreleriň doly amala aşyrylmagy arkaly ýetilmelidir. 

Temmäkä garşy göreşmek boýunça ýaşlaryň (GYTS), şeýle hem ulularyň (STEPS) arasynda ýakynda geçirilen sowal-jogaplar çilim çekilmegiň ýaýrawynyň ýaşlaryň arasynda 0,1 göterime, uly ýaşlylaryň arasynda bolsa 3,4 göterime deňdigini görkezdi. 

BMG-niň Baş Assambleýasynyň iş maslahatynda, şeýle hem ýokanç däl keselleriň meseleleri we psihiki saglygy goramak boýunça BSGG-niň ýokary derejeli II Ýewropa maslahatynyň 2019-njy ýylyň 9 — 10-njy aprelinde geçirilmeginiň meýilleşdirilendigi yglan edildi. Onuň gün tertibinde Aşgabat jarnamasynda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişine hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki netijeleri boýunça Ýewropa sebitinde mundan beýläk edilmeli hereketlere uly üns jemlener.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi /