EÝRANYŇ EYZ-LARY TÜRKMENISTAN BILEN SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARY GIŇELTMEGI GÖZ ÖŇÜNDE TUTÝARLAR

photo

Eýranyň Erkin we ýörite aýratyn ykdysady zolaklary Türkmenistan bilen söwda-ykdysady, şol sanda serhetýaka söwda ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegi hem-de giňeltmegi göz öňünde tutýarlar.

EYR-nyň Daşary söwda gözegçilik barada komiteti tassyklandan soň Sarags Aýratyn (erkin) ykdysady zolagynda (Sarakhs Special Economic Zone) Türkmenistan bilen, aýratyn-da iki ýurduň we sebitiň ýurtlarynyň Erkin (aýratyn) ykdysady zolaklarynda hyzmatdaşlyk ulgamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek bölümi döredildi.

Dabara EYR-nyň, Senagat, känler we söwda ministrliginiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda ýardam etmek baradaky guramasynyň ýokary wezipeli işgärleri gatnaşdylar, Sarags EYZ-nyň Türkmenistan we sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eýrandan demirgazyk-gündogarda Sarags şäherinden birnäçe kilometr uzaklykda «Sarags» ýörite ykdysady zolagy ýerleşýär. Ol Merkezi Aziýa ýurtlaryny Eýrandan günortada Pars aýlagy döwletleriniň, günbatarda – Ýewropanyň, gündogarda –Owganysatnyň we Pakistanyň iri söwda bazarlaryna çatmak üçin köprüdir.

Eýranyň Gülüstan welaýatynyň gubernatory Hadi Hagşenas EYR-nyň parlamentiniň mejlisinde Akýaýla (Türkmenistan) – Inçeburun (Eýran) demirýol serhet geçelgesiniň golaýynda «Inçe-Burun» erkin ykdysady zolagyny döretmek barada kanuntaslamasynyň kabul edilendigini aýdypdy.

Ol Türkmenistan bilen serhetde demir we gury ýer ýolunyň elýeterligi sebitiň möhüm artykmaçlygyny, geljekde geçiriljek käbir özgertmeler netijesinde Hazar deňzindäki serhet arkaly gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleriniň ulanylmagynyň mümkindigini belledi.

Gubernator erkin ykdysady zolaklaryň salgyt ýeňillikeri we beýleki artykmaçlyklaryny belläp, «Inçe-Burun» EYZ-nyň maýa goýumlary üçin özüne çekiji boljakdygyny we welaýatyň ykdysady taýdan ösüşi üçin özboluşly mümkinçilik döretjekdigini aýtdy.

Eýrtanda hereket edýän kanunlara laýyklykda EYZ-da we ASZ-AYZ-da (aýratyn söwda zolaklary, aýratyn ykdysady zolaklary) salgyt, eksport, import we telekeçilik girdejilerine ýeňillikler bar.

Eýranda eýýäm erkin ykdysady zolaklar ýurduň günortasynda – Çabaharda, Keşmde, Kişde, Saragsda, Arwandda, demirgazygynda – Arasda we Enzelide hereket edýär. EYZ-dan başga-da: Julfa, Selfçegan, Sirjan, Buşer, Horramşahr, Şahid Rajai (Bender-Abbas), Amirabad, Sarags, Huzestan, Şirazda elektroenergetika we elektronika AYZ, «Pars» energetika AYZ (Assaluýe), «Paýam» awiagurluşyk AYZ, nebithimiýasy AYZ (Bender-Ymam Homeýni), «Halije Fars» gämigurluşyk AYZ (Hormozgan welaýaty), dag-magdan we metallurgiýa AYZ (Bender-Abbas) ýaly aýratyn ykdysady zolaklaryň 15-si bar.

Ýakyn ýyllarda Erkin ykdysady zolaklaryň Türkmenistanda hem peýda bolmagy mümkin. Ýurduň hökümeti eýýäm degişli kopsepsiýany işläp taýýarlaýar. Geljekki EYZ-lar serişdelerden ýerlikli peýdalanmak üçin maýa goýumlaryny we öňdebaryjy tehnologýalary çekmegi maksat edinýär.

Mundan başga-da, olar ýokary hilli önüm çykaryp, netijede eksport mümkinçiligini ýokarlandyryp, importa garaşlylygy peseltjek bilelikdäki önümçilikleriň döredilmegini çaltlandyrar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümete ýurduň ykdysadyýetine, şeýle hem daşary bazarlara seljerme bermegi tabşyrdy. Konsepsiýa milli kanunlaryň çäklerinde işlenilip taýýarlanmalydyr. Şeýle hem onda EYZ-lary döretmegiň anyk netijeleri jikme-jik beýan edilmelidir.

Aziýa ösüş bankynyň maglumatynda Aziýada ÝYZ-laryň döredilmeginiň söwdanyň, maýa goýumynyň derejesini ýokarlandyrjakdygy we ykdysadyýetde özgertmeleri çaltlandyrjakdygy bellenilýär.

Taýýarlan Janmämmet Gulamow

Eýranyň EYZ-lary Türkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegi göz öňünde tutýarlar (turkmenistan.gov.tm)