BUDAPEŞTDE TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝLEKI RESPUBLIKALARYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI

Wengriýada türki dilli respublikalaryň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi. Bu barada Halkara türk medeniýeti guramasynyň (TÜRKSOÝ) resmi web saýty habar berýär. TÜRKSOÝ-yň Türk geňeşi, Ýunus Emre instituty we Wengriýanyň Miras öýi bilen bilelikde gurnap, Budapeştde geçiren giň gerimli festiwaly Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň ýyl dönümine bagyşlandy. TÜRKSOÝ-yň Baş kätibiniň orunbasary, dosent Bilal Çakyjy we Wengriýanyň Miras öýüniň baş müdiri Laslo Kelemen festiwalda gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Bilal Çakyjy medeni mirasyň we aňyrdan gelýän halk döredijiliginiň döwletleriň hem jemgyýetleriň taryhynda möhüm orny eýeleýändigini nygtamak bilen, TÜRKSOÝ-yň türk dünýäsiniň gymmatly hazynasyny halkara derejesinde ýaýratmak we geljekki nesiller üçin gorap saklamak ugrunda uly tagalla edýändigini aýtdy. Wengriýanyň Türk Geňeşine synçy hökmünde goşulmagyndan kanagatlanýandygyny mälim etmek bilen, ol şeýle diýdi: “Ümmülmez geografiýada ýerleşýän we köp müňýyllyk taryhy bolan türk dünýäsi diňe bir syýasy taýdan däl, eýsem medeni taýdan-da baý mirasa eýedir. Türki halklar özboluşly milli medeniýetini we halk amaly sungatyny biziň günlerimize çenli saklap gelipdirler. Şu çäräniň dowamynda deri eýlemek, zergärçilik we mermer işlemek sungatyndan başlap, adaty geýim-gejim dizaýnyna çenli dürli ugurly ussalaryň işleri bilen tanyşmak mümkinçiligiňiz bolar”.
Halkara seminaryň teswirnama bölüminden we “XXI asyrda türk-wenger halk döredijiliginiň däpleri” mowzugy boýunça ussatlyk derslerinden soň türk ülkelerinden gelen ussalar mermer işlemek, gön önümçiligi, zergärçilik önümlerini ýasamak we halyçylyk ýaly däp bolup gelýän senetleriň nusgalyk eserlerini görkezdiler. Bu çäräniň çäginde kiçeňräk konsert hem geçirildi. Onda Wengriýanyň sungat söýüjileri türk dünýäsiniň şirin mukamlaryny, tanslaryny we milli saz gurallaryny diňläp hem görüp bildiler.
Bu çäre TÜRKSOÝ tarapyndan 2021-nji ýylda gurnalan baýramçylyk çäreleriniň nobatdaky tapgyry boldy. Fewral aýynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlykda türk respublikalarynyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan “Türk dünýäsiniň öwüşginleri” atly milli we adaty saz mukamlarynyň onlaýn konsertini gurady. Konserte Türkmenistandan, Tatarystan Respublikasyndan we Başgyrdystan Respublikasyndan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystan Respublikasydan, Türkiýeden, Azerbaýjandan we Gagauzlardan (Moldowa) 250-den gowrak artist gatnaşdy.
TÜRKSOÝ-yň Ömer Halisdemir uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyň çäginde Türkiýäniň Nigde şäherinde geçiren “Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň 30 ýyl garaşsyzlygy” atly surat sergisi myhmanlara türk respublikalarynyň ajaýyp manzaralaryny, olaryň gadymy binagärlik ýadygärliklerini, ata-babalarynyň däp-dessurlaryny, milli tagamlaryny we durmuş terzini tomaşaçylaryň göz öňünde janlandyrdy. Bu sergide goýlan suratlar 2021-nji ýylyň başyndan bäri Türkiýäniň dürli şäherlerinde we sebitlerinde, şol sanda Stambuldaky Maltepe we Karamanda birnäçe gezek görkezildi.
Ýakynda bolsa Ankarada Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy we TÜRKSOÝ tarapyndan Türkmenistanyň medeniýetine, döredijiligine we fotosungatyna bagyşlanan sergi guraldy. Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Işanguly Amanlyýew medeniýetiň demokratik we sosial özgerişleriň esaslarynyň biri hasaplanýandygyny nygtamak bilen, Türkmenistanyň bu ugurda ÝUNESKO we TÜRKSOÝ ýaly abraýly halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda netijeli iş alyp barýandygyny belledi.
Ogulgözel Rejebowa