TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TEBIGATYŇ JADYLAÝJY MANZARALARY WE AJAÝYP ÝADYGÄRLIKLERI: HAÝRABATDA BITEN ALMA AGAJY
Türkmenistanyň tebigaty özboluşly we geň galdyryjy derejede ajaýypdyr. Tebigy ýadygärlikler syýahatçylary özboluşly aýratynlyklary bilen haýrana goýýar. Ösümlik dünýäsi ýabany miwe we hoz tokaýlaryndan, dag eňňitlerindäki arça tokaýlaryndan, seýrek agaçly we gyrymsy ösümlikli tropik zolaklardaky selçeň pisse tokaýlaryndan, sazak tokaýlaryndan ybaratdyr. Şonuň ýaly-da dürli haýwanat dünýäsi - Merkezi Aziýa alajagaplaňlary, argalylar, gulanlar, jerenler syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde...
TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine float aýnasy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million 322 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýur...
BIZIŇ SARY AGAMYZ
Sary Garryýew heniz aýatda diri wagty tanymal boldy, özem diňe bir ekrnada döreden keşpleri bilen däl, eýsem wäşi sözleridir henekleri bilenem halk arasynda meşhurlyk gazanan adamdy. Ol Mýunhauzen, Hoja Nasreddin, Aldar köse, kapitan Wrungel ýalylaryň bir adamda jemlenmesidi. Mekdebi, soňra fabrik-zawod hünär okuw mekdebini tamamlan Sary Gyzylarbadyň wagon-abatlaýyş ussahansyna işe durýar. Ýöne on ýedi ýaşly ýetginjegiň küýi slesarlykda däldi, ol zawodyň çeper höwesjeňler toparyny has gowy gö...
TÜRKMEN LUKMANLARY WE ŽURNALISTLERI COVID-19-A GARŞY SANJYM DÖWRÜNDE TÄSIRLI MAGLUMATLANDYRYŞ USULLARY BILEN TANYŞDYLAR
BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt bölümi saglygy goraýyş işgärleri we habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin COVID-19-a garşy sanjym döwründe jemgyýeti netijeli habardar etme meseleleri boýunça okuw geçirdi. Bu okuw Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin COVID-19-a garşy çäreler taslamasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikdäki howply gatnaşyklar şertlerinde saglygy goraýyş işgärleriniň müm...
TÜRKMENLER RUS SYÝAHATÇYLARYNYŇ ÝAZGYLARYNDA
Ozal baryp görmedik iline aýak basan syýahatçy özünden öň biriniň gelip görenine garamazdan, şol ýeri ilkinji açan bolýar. Älem ýüzüne aýlanyp ýören bezirgen özünden öňküleriň ýoly bilen gitse-de, olaryň gözünden sypan täzelikleri tapýar, ýerli halkyň edem-gylymlaryny has takyk öwrenýär. Bu gün biz okyjylara rus syýahatçylarynyň XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başynda dürli ýyllardaky ýazgylaryndan bölekleri hödürleýäris. «..Gyzylarbatdan Gäwerse çenli ýerleriň ählisi Ashabad uýezdi ýa-da Ahal-...
TEBIGAT GORAG ASTYNDA
3 – 11-nji sentýabr aralygynda Marselde Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB/IUCN) nobatdaky Bütindünýä kongresi geçirildi. Kongrese alymlar, raýat jemgyýetiniň wekilleri, syýasatçylar we dürli korporasiýalaryň hem-de halkara konwensiýalarynyň, şol sanda suwly-batgalyk ýerler boýunça Ramsar konwensiýasynyň baştutanlary gatnaşdyalr. Şunuň bilen baglylykda biz Merkezi Aziýanyň Ramsar sebit başlangyjynyň Utgaşdyryjy komitetiniň agzasy, professor E.A. Rustamowdan bu barada pikrini aýtmagy h...
“WITOL” WE “SOCAR” TÜRKMEN NEBITINI ÝURT DAŞYNA ÇYKARMAK BARADA ŞERTNAMA BAGLAŞDY
“Witol” halkara söwda şereketi we Azerbaýjanyň döwlet eýeçiligindäki “SOCAR” şereketi Baku ‒ Tbilisi ‒ Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly ýylda 1 million tonna türkmen nebitini daşamak barada ylalaşdy. Ylalaşygyň durmuşa geçirilip başlanmagy şu ýylyň oktýabr aýynyň başyna meýilleşdirilýär. Türkmenistandan satyn alynýan nebit ozal Nowosibirskä çenli Russiýa Federasiýasynyň derýadyr deňiz portlarynyň üsti bilen tankerler, ondan aňryk bolsa nebit geçirijisi arkaly daşalýardy. Indi Şweýsar-Golla...