TÜRKMENISTANDA GEOMAGLUMATLAR MERKEZI DÖREDILÝÄR

Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň çalt depginde sanlylaşdyrylmagy hem-de häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipelerini üstünlikli çözmegiň zerur şertidir.

Geomaglumatlar merkezi bu ugurda amala aşyrylýan uly ähmiýetli çäreleriň biridir, şeýle merkeziň döredilmeginiň zerurdygy barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanyp 14-nji awgustda geçirilen mejlisinde nygtady.

Bu merkez giňişlikler hem-de onuň bilen baglanyşykly şäher düzüminiň ähli desgalary baradaky maglumatlary toplamaga, saklamaga, seljermäge we 3D nusgasyny ulgamlaşdyrmaga gönüden-göni ýardam berer.

Milli Liderimiz şäherlerde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu giň gerimli işlere paýtagtymyz Aşgabatdan başlamalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara ýurdumyzyň baş şäheriniň 3D nusgasyny döretmek hem-de inženerçilik ulgamlaryny, binalary hem-de ýer böleklerini sanlylaşdyrmak boýunça çäreleri görmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu işleriň ählisi bilelikde inžener-kommunikasiýa ulgamlaryna düşýän agramy kesgitlemäge, öňde boljak şähergurluşyk işlerini modelleşdirmäge, boş ýer bölekleriniň möhüm binýadyny döretmäge kömek eder. Şeýlelikde, ýer serişdelerinden aýawly peýdalanmakda, olaryň maksadalaýyk ulanylmaýandygyny ýüze çykarmakda beýleki işleri geçirmäge şert döreder.

Başgaça aýdylanda, innowasiýa tehnologiýalary arkaly türkmen paýtagtyny geljekde hem ösdürmek we abadanlaşdyrmak üçin onuň düzümleri barada giňişleýin düşünje berýän maglumatlar kemala getiriler hem-de olara toplumlaýyn baha berler. Hojalyk, önümçilik, dolandyryş işleriniň sanlylaşdyrylmagy geljekde «akylly» şäherleri döretmäge mümkinçilik berer, olarda ilatyň zerurlyklary has doly we dessin kanagatlandyrylar.

Hormatly Prezidentimiz raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek meselelerine ünsi çekip, paýtagtymyzyň durmuş üpjünçilik ulgamlaryny kämilleşdirmek, şäheriň sanly gurşawynyň döredilmegine ýardam berýän öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleriň üns merkezinde saklanylmalydygyny hemişe belleýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň rejelenen görnüşini durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitleri we oba ýerlerini sanlylaşdyrmak işi dowam etdiriler, munuň özi olary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Bu işler, hakykatdan-da, gerimi hem-de ähmiýeti babatynda deňi-taýy bolmadyk maksatlaýyn strategiýa hökmünde watandaşlarymyzyň durmuş şertleriniň düýpli gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Degişli resminamada kesgitlenen wezipeleriň bary-ýogy on ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegi welaýatlardaky ilatly ýerleriň keşbini düýpgöter üýtgetmäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda şol ýerlerde döwrebap senagat we durmuş düzümleri kemala geldi.

Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmak üstünlikli dowam etdirilýär. Geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde lukmançylyk hyzmatlarynyň hem-de bilim bermegiň hili ep-esli ýokarlandy. Şäherlerde we oba ýerlerinde ýaşaýyş-durmuş şertleri deňleşdi we halkara ülňülere golaýlaşýar.

Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan bu resminamasy 7 bölümden ybarat bolup, olarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy, Konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň usullary we gurallary, garaşylýan netijeler beýan edilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň hemişe belleýşi ýaly, ýokary tehnologiýalar zamanynda milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy örän möhüm, strategik häsiýetli wezipedir, diňe bu wezipäni çözmek bilen ýurdumyzy okgunly ösdürip bolar.

Bu ulgamda bellenilen maksatnamalaýyn çäreler bilimli jemgyýetiň kemala gelmegi, onuň maglumatlar giňişliginiň döredilmegi, harytlaryň hem-de hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmek we hilini ýokarlandyrmak arkaly, raýatlaryň abadançylyk hem-de durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, dürli ulgamlaryň dolandyrylmagynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.

Bu işlerde maliýe ulgamyna uly orun degişlidir. Maliýe ulgamy pudaklaryň arasynda pul serişdeleriniň çeýe paýlanylmagyny üpjün etmek bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan ilkinji nobatdaky wezipeleriniň netijeli çözülmegine, maýa goýum işleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna hem-de durnukly ykdysady ýagdaýyň saklanylmagyna, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň öňdebaryjy tehnologiýalara tapgyrlaýyn geçirilmegine ýardam berýär.

Türkmenistanyň durnukly ösüşi daşarky ýagdaýlaryň täsiriniň güýçlenmegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr: olar dünýä hojalyk gatnaşyklaryna mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmak, netijeli söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüş hasaba alnyp, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, adamzat üçin umumy meseleleriň we wezipeleriň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak meseleleridir.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar bilen durmuşa geçirilýän syýasat 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda gün tertibiniň wezipeleri bilen sazlaşýar.

Bu resminamada kesgitlenilen meýilnamalarda pudak derejesinde hem, dolandyryş-çäk derejesinde hem sebitleriň deňeçer önümçilik we durmuş gurşawyny döretmek göz öňünde tutulýar. Ähli wezipeler hem-de olaryň çözgütleri hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady ylymlaryň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly ylmy işinde giňişleýin beýan edilendir.

Ähli döwlet maksatnamalaryna hem-de iri ykdysady taslamalara, şeýle hem milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna girizilen Durnukly ösüş maksatlary üçin sanly tehnologiýalaryň artykmaçlyklary äşgärdir. Şol sebäpli hem soňky ýyllarda ýurdumyzda telelukmançylyk tehnologiýalary, onlaýn bilim hem-de uzak aralykdan okatmak, elektron hökümetiň gurallary we beýlekiler uly ösüşe eýe boldy.

Ählumumy maksatlara ýetilmegi, bir tarapdan, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygynyň ýokarlanmagyny üpjün eder, beýleki tarapdan, umumadamzat ähmiýetli köp sanly meseleleri çözmek bilen, tutuş dünýä ýüzünde ösüşe ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän strategik syýasat senagat-innowasiýa häsiýetli ykdysady ösüşe, milli ykdysadyýetimiziň ýokary bäsdeşlige ukyplylyk derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, döwlet näçe ösdügiçe, maglumat tehnologiýalary onuň durmuşynda barha düýpli ähmiýete eýe bolýar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda ýokary depginde “sanly ýollara” geçmek işleri amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, önümçilikde ylmy işläp taýýarlamalary işjeň peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işler ýokary depginde alnyp barylýar. Sanlylaşdyrmak ulgamynyň ornaşdyrylmagy boýunça geçirilmeli çäreler Hökümetiň mejlislerinde we maslahatlarynda hemişe ara alnyp maslahatlaşylýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow innowasiýalaryň diňe bir häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny aňlatman, olaryň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny göz öňünde tutýandygyny hem hemişe belleýär.

Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin türkmen hünärmenleri diňe bir taýýar çözgütleri hem-de nou-haulary almaga esaslanýan däl-de, öz işläp taýýarlaýan ylmy-tehnologiýalar binýadynda ösüşiň milli nusgasyny döretmegi ugur edinip, öňdebaryjy tejribäni içgin öwrenýärler we özleşdirýärler.

Bellenilen maksatlary nazara almak bilen, döwlet edaralaryny tapgyrlaýyn sanly ulgama geçirmek işleri amala aşyrylýar, dürli ulgamlarda elektron görnüşinde hyzmatlary ýerine ýetirmek, senagat toplumynyň kärhanalaryny we oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.

Maglumat tehnologiýalar ulgamynda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga hem uly üns berilýär. Aň-paýhas ulgamlaryny hem-de iň täze IP-tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işi nazara almak bilen, sanly usullary köpçülikleýin öwrenmäge we bu ulgamda bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge ägirt uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şol konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzda okatmagyň ähli ulgamlary öňdebaryjy kompýuter we multimediýa enjamlary, elektron bilim serişdeleri bilen doly derejede üpjün edilýär.

Biz ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek wezipesini öz öňümizde goýduk. Häzirki wagtda, sanly ykdysadyýete geçirilýän döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde has zerur bolan hünärler boýunça işgärleri — programmaçylary, inženerleri we tehnologlary taýýarlamak meselesine uly üns bermek möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisinde aýtdy.

Ähli bilim edaralarynda ýylsaýyn innowasion maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar, internet arkaly dünýäniň maglumatlar binýadyna we elektron kitaphanalaryna ýokary tizlikli elýeterlilik üpjün edilýär, okatmagyň usullary kämilleşdirilýär, ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagynda aralykdan okuw çykyşlary hem-de wideomaslahatlar yzygiderli guralýar.

Häzirki zaman şertlerinde islendik ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatyndan has doly derejede peýdalanylmagy, ykdysadyýeti okgunly ösdürmek hem-de ony hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen ylmyň gazananlarynyň ulanylmagy bu babatda esasy şertler bolup durýar. Munuň özi ýokary tehnologiýalaryň, düýpli we amaly barlaglaryň netijeleriniň ulanylmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Ylmyň, bilimiň hem-de önümçiligiň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe gitmegine ýardam edýär. Internet hyzmatlarynyň köp görnüşleri raýatlarymyzy goşmaça we üznüksiz bilim almaga, aralykdan okatmagyň usullarynyň kömegi bilen olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga höweslendirer.

Sanly ulgama geçmek ykdysadyýetiň milli nusgasyny ösdürmegiň möhüm tapgyryna öwrüldi. Bu ulgama geçmek döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň anyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasynyň netijesinde mümkin boldy. Bu strategiýa diňe bir durnukly oňyn ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysadyýetimiziň dünýä bazarynyň özgermegine uýgunlaşmaga hem-de daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleri azaltmaga mümkinçilik berdi.

Bu ulgamda kadalaşdyryjy-hukuk binýady hem kämilleşdirilýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Kanunlarynyň birnäçesi, şol sanda «Aragatnaşyk hakynda» (2019-njy ýylda — rejelenen görnüşde), «Türkmenistanyň Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Kanunlar we beýlekiler kabul edildi.

Şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň döredilmegi möhüm ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden Kararyna laýyklykda, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi.

Häzirki wagtda ministrlikler hem-de pudak edaralary, döwlet we telekeçilik düzümleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak hem-de zerur bolan ulgamlaýyn binýatlary döretmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar, täze web-saýtlary işläp taýýarlaýarlar we öňden bar bolanlarynyň işini kämilleşdirip, olara onlaýn görnüşinde hyzmatlary etmegiň usullaryny ornaşdyrýarlar.

Bu işde aýratyn hem döwlet banklary has netijeli işleýärler. Olar müşderilere bu ulgamda uly mümkinçilikleri döredýärler. Şeýlelikde, ýurdumyzyň her bir raýaty Internet-banking ulgamynda bellige alnyp bilner. Munuň özi islendik ýerden 24/7 ýagdaýynda (hepdäniň 7 gününiň, gije-gündiziň 24 sagadynyň dowamynda) ykjam we stasionar telefonyň, IP telewideniýäniň balansynyň üstüni doldurmaga, bergileri üzmäge mümkinçilik berýär.

Häkimlikleriň, pudak edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, bellige we hasaba almak işlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem raýatlar üçin amatly bolar ýaly Türkmenistanyň hyzmatlar babatda bitewi döwlet saýty (e.gov.tm.) döredildi. Bu portal elektron usulynda döwlet hyzmatlaryny etmek üçin «Bir penjire» awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy görnüşindedir.

Hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri, döwlet kärhanalary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen özara gatnaşyk edip, ýörite ykjam goşundylary döredýärler. Şeýle maksatnamalaryň esasy artykmaçlygy umumy elýeterlilikden hem-de olary ulanmagyň ýeňildiginden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, ýurdumyzyň işewürleri daşary ýurt döwletleriniň tejribesini işjeň özleşdirýärler hem-de tutuş dünýäde giňden ýaýran döwrebap tehnologiýalary bazara getirýärler.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan yglan edilen «Sanly çözgüt — 2020» atly bäsleşik innowasion taslamalary işläp taýýarlamak üçin oňat höweslendiriş çäresi bolup durýar. Şol bäsleşige ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän fiziki we ýuridiki şahslarynyň hemmesi gatnaşyp biler. Garaşylyşy ýaly, bäsleşigiň jemleri «Türkmentel — 2020» halkara sergisiniň barşynda jemleniler.

Döwlet tarapyndan berilýän uly goldaw döwrebap sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönüden-göni ýardam edýär. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň fewral aýynyň başynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Aşgabatda hem-de welaýatlarda IT-merkezlerini döretmek üçin ABŞ-nyň 10 million dollarynyň bölünip berilýändigini habar berendigini ýatlatmak ýeterlikdir.

Şol aýda «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakyndaky» Karara gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde hem anyk wezipeler goýuldy. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň metbugat neşirlerini elektron görnüşe geçirmek barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, degişli Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

Ýurdumyzyň dürli gazetleriniň hem-de žurnallarynyň özleriniň saýtlarynyň we beýleki web-serişdeleriniň işe girizilmeginiň birnäçe artykmaçlygy bardyr. Okyjylar üçin amatlylyklar bilen birlikde, türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan giň gerimli internet giňişliginiň döredilmegi halkara jemgyýetçiligiň ýurdumyz, onuň gazanýan üstünlikleri we ýetýän belent sepgitleri barada habarly bolmagynyň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Özi-de, milli Liderimiziň anyk görkezmelerine laýyklykda, maglumatlar we mowzuklaýyn materiallar saýtlara girýänlere diňe bir tekst görnüşinde däl, eýsem, audio we wideo görnüşinde hem hödürleniler. Sanly ulgama geçilmegi diňe bir içerki maglumat bazarynda bäsdeşlik ulgamyny döretmäge ýardam etmek bilen çäklenmän, ýurdumyzyň žurnalistikasynyň dünýäniň medio-bazaryna çykmagyna kuwwatly itergi berer.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça görülýän netijeli çäreler milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryna innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak ugry bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn durnukly ösüşine ýardam eder.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14701