TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Ýurdumyzyň çäklerini we oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri bilen bagly mejlise welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleri hem çagyryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynyň alyp barýan işleri hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2017-nji ýylyň 7-nji iýunynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyna» laýyklykda, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugyna kiberhowpsuzlygyň önümçiliginde ulanyljak tehniki serişdeleri hem-de programma üpjünçiliklerini barlamak hem-de sertifikasiýalaşdyrmak işlerini ýola goýmak wezipesi tabşyryldy.

Ýurdumyzyň çäginde öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän programma üpjünçilikleriniň hem-de tehniki serişdeleriň sertifikasiýalaşdyrylmagyny talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, gullugyň merkezi edarasynda kiberhowpsuzlyk boýunça sertifikasiýalaşdyryş bölümini açmak teklip edilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, täze tehnologiýalaryň, elektron hyzmatlaryň jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini belledi. Häzirki wagtda döwlet edaralarynyň hem-de ähli pudaklaryň işine intellektual ulgamlar işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi önümçiligi guramak we dolandyrmak işini düýpli özgerdýär.

Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, maglumat howpsuzlygy ulgamynda milli standartlary we usullary işläp taýýarlamak, şol sanda halkara standartlar we tehniki kadalar bilen sazlaşdyrmak Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi.

Döwletimiz üçin düýbünden täze pudagyň — kompýuter önümçiliginiň peýda bolmagy ýurdumyzda sanly ulgamyň döredilmegi hem-de ykdysadyýetiň öňdebaryjy tehnologiýalarymyz bilen üpjün edilmegi babatda bu wezipäniň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklibi, umuman, makullap, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa degişli wise-premýerler bilen bilelikde «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyny» üstünlikli ýerine ýetirmek üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlerine ýüzlenip, ýerlerde bu maksatnamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de nebitgaz toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek we onuň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Kararyň taslamasy hödürlenildi, oňa laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany täze gazturbinany gurmak we elektrik bekediniň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.

TNGIZT-niň gazturbinaly elektrik bekediniň kuwwatynyň artdyrylmagy täze desgalary elektrik energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Şol desgalaryň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebithimiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Çünki döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan bu toplum Türkmenistanyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere toplumyň kärhanalaryny tehniki taýdan üpjün etmek, uglewodorod çig malynyň düýpli, galyndysyz işlenilmegini üpjün edýän netijeli tehnologiýalary, nebit we gazhimiýa önümçiligine innowasion usullary ornaşdyrmak barada degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze gaz-turbinalary gurmak we elektrik bekediniň durkuny täzelemek hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günbatar sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu Karardan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň boljakdygyny belläp, Balkan welaýatynyň häkimine anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek we pagta ýygymyna girişmek babatda şu günler alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bugdaý ekiljek meýdanlarda tekizlemek işlerini geçirmek, tagt suwuny tutmak hem-de ekiş üçin zerur bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Şonuň bilen birlikde, gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi işleri we ösüş suwuny tutmak tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Kombaýnlar we ulaglar, harmanhanalar hem-de pudagyň kärhanalary öňümizdäki möwsüme taýýarlanylýar.

Wise-premýer hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, güýzlük bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna ak pata bermek, şeýle hem tejribeli daýhanlaryň, hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmek barada haýyş bilen ýüzlendi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we häkimlere ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygynda hem gowy netijeleriň gazanylýandygyny belledi.

Daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekmegi hem-de toprakdan bol hasyl öndürmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmek we senagat kärhanalarymyzy pagta çig maly bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Daýhanlarymyz ýokary hilli tohum, mineral dökünler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary, ýeterlik mukdarda himiki we suw serişdeleri bilen üpjün edilýär.

Häzirki wagtda gallaçy hem-de pagtaçy daýhanlarymyz, ähli oba hojalyk işgärlerimiz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsümleriň ikisi, ýagny bugdaý ekişi hem-de pagta ýygymy ýetip gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz bu möwsümleri gysga wagtyň içinde, ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 2-nji sentýabryndan başlap bugdaý ekişine girişmäge hem-de Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 9-njy sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 16-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly ýaşulularymyzdan bugdaý ekişini we pagta ýygymyny «Bismilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş edip, ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçy hem-de pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, yhlas bilen zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almagy hem-de belent sepgitlere ýetmegi tüýs ýürekden arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň himiýa önümçiligini çig mal bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň karbamid dökünini öndürýän «Marykarbamid», «Tejenkarbamid» we «Garabogazkarbamid» zawodlarynyň diňe bir içerki bazarlaryň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, önümiň esasy bölegini daşary ýurtlara iberýändigi bellenildi.

Karbamidli formaldegit konsentraty bu önümçiligiň esasy çig mallarynyň biridir. Ol döküniň hiline hem-de önüm uzak ýerlere daşalanda, onuň durkunyň saklanylmagyna uly täsir edýär. Şu maksat bilen, ýokarda agzalan çig maly satyn almak boýunça halkara bäsleşik geçirildi we ýeňiji saýlanyp alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we içerki hem-de daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri öndürýän himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen şertnamalary baglaşmak baradaky meseleleriň üstünde içgin işlemegi we soňra olary degişli düzümleriň garamagyna ibermegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere gözegçilik edýän pudaklarynyň işine, hususan-da, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kärhanalarynyň çig mal bilen doly üpjün edilişine berk gözegçilik etmek barada görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak hem-de ýurdumyzda mundan beýläk-de azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, daýhanlary zerur dökünler bilen yzygiderli we öz wagtynda üpjün etmek meselesini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Käbir döwlet edaralaryna «Awtoulag kärhanalar birleşigi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde gatnaşmaga ygtyýar bermek hakynda» hem-de «Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakynda» kararlaryň taslamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ulag ulgamynda giň gerimli işler amala aşyrylýar, şol sanda onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ilatymyza ýokary hilli hyzmatlary etmek üçin döwrebap tehnikalar we enjamlar satyn alynýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, «Aşgabat — Daşoguz» awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan Awtoulag kärhanalar toplumynyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň edara-kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň, Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň hem-de «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýly gatnaşygynda «Awtoulag kärhanalar birleşigi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek barada teklip beýan edildi.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar hem-de hususy telekeçiler tarapyndan degişli işleriň tapgyrlaýyn geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyz boýunça internet web-saýtlarynyň 294-si döredildi. Olaryň kibergoraglylygy «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri tarapyndan üpjün edilip, antiwirus programmalary işlenip taýýarlanyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň, etraplaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde bu ugurda toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bir bitewi tehniki talapnamalar esasynda awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakynda resminamanyň taslamasyny hödürledi. Munuň özi «Elektron hökümet» ulgamyny doly derejede işe girizmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, bu ulgamyň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň hem-de Garaşsyz Watanymyzy we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýan beýleki maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak — bu wagty gelen zerurlyk hem-de netijeli dolandyryş guraly bolup, ähli işleri göwnejaý guramaga, utgaşdyrmaga hem-de işleriň netijeliligine, hiline gözegçilik etmäge ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar binýadyny döretmek meseleleri barada durup geçmek bilen, degişli ugurda geçirilýän işleriň depginini artdyrmagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz häkimlikler hem-de ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary bu işi aýratyn üns merkezinde saklamalydyr diýip, sözüni dowam edip, oba ýerlerinde hem internete elýeterliligi üpjün etmegi, degişli düzümi hem-de maglumatlaryň artýan möçberi babatda hyzmatlar ulgamyny taýýarlamak barada tabşyryk berdi.

Şeýle hem «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň öňünde durýan möhüm meselelere, hususan-da, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we has-da pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de olary ýerine ýetirmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow daşary ýurtlardan getirilýän harytlary — elektron we elektrotehniki harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly arkaly mundan beýläk-de ösdürmek, elektron senagatyny döretmek maksady bilen, 2019-njy ýyldan başlap, ýurdumyzda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» durmuşa geçirilýär.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan elektron hem-de elektrotehniki harytlary we kompýuterleriň dürli görnüşlerini öndürmek ýola goýuldy.

Wise-premýer bu kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalarynyň dünýä ölçeglerine gabat gelýändigi we iň täze programmalar bilen işlemäge mümkinçilik berýändigi barada hasabat berdi. Kärhanada ýokary tehnologiýaly binýat döredildi, maglumatlar we programma üpjünçiligi boýunça hünärmenler taýýarlanyldy.

Elektron enjamlaryň önümçiligini giňeltmek maksady bilen, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň şahamçasyny açmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Türkmen-innowasiýa» hususy kärhanasy bilen bilelikde Ahal welaýatynda, «Türkmen-tranzit» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde týunerleriň we töleg terminallarynyň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanda maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň şolaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Diýarymyzda durmuşyň ähli ulgamlaryna, şol sanda telekommunikasiýalar we ýokary tizlikli maglumatlar tehnologiýalary ulgamlaryna täzeçilligi girizmek işjeň dowam etdirilýär. Türkmenistan milli bähbitleri we durmuş-ykdysady hem-de ruhy-medeni ösüşiň wezipelerini göz öňünde tutmak bilen dünýä tejribesindäki ähli täzelikler üçin açykdyr, dünýä ýurtlary, daşary ýurt edaralary we abraýly guramalar bilen berk aragatnaşyklary ýola goýýar.

«Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy çagalar üçin okuw kompýuterlerini öndürýär, olar her ýyl ýurdumyzda 1-nji synpa barýan okuwçylara gowşurylýar. Olara ýüklenen programmalar dürli okuw wezipelerini ýerine ýetirýär we üç dilde — türkmen, rus, iňlis dillerinde işläp bilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu kärhananyň mekdep okuw işini sanlylaşdyrmaga goşan ilkinji goşandy boldy.

Milli Liderimiz iň gowy daşary ýurt tejribelerini, şol sanda sanly ulgamlary dolandyrmagy özleşdirmegiň zerurdygyny aýdyp, elektron maglumatlary ulgamynda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäherinde «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň şahamçasynyň, şeýle hem Ahal we Daşoguz welaýatlarynda elektron tehnikalarynyň hem-de töleg terminallarynyň önümçiliginiň açylmagyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere we degişli welaýatlaryň häkimlerine bu ugurdaky bellenilen wezipeleri amala aşyrmagy, ýurdumyzyň telekeçileriniň döwlet maksatnamalaryna hem-de giň möçberli taslamalara işjeň gatnaşmagy üçin zerur şertleri döretmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň meýilnamasy hem-de medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermek bilen baglanyşykly dabaralar barada hasabat berdi.

Dabaraly açylyşlaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär, hususan-da, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň döwrebaplaşdyrylan binalar toplumy, paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebi ulanylmaga berler.

Şonuň ýaly-da, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli açylýan täze binalaryň hatarynda Daşoguz şäheriniň, Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň we Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýaşaýyş jaýlary bar. Türkmen paýtagtynda dürli maksatly täze desgalaryň tutuş tapgyry ulanylmaga berler.

Baýramçylyk çäreleriniň çäginde «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji konserti geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan ähli çäreleriň hem-de ulanylmaga beriljek täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, türkmen döwletiniň umumadamzat ynsanperwer taglymlaryna esaslanýan parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň many-mazmunyny açyp görkezmelidigini nygtady.

Garaşsyzlyk güni bagtyýar Watanymyzyň her bir raýaty üçin ýürege ýakyn hem-de çäksiz gymmatly baş baýramymyzdyr. Türkmenistan mundan 29 ýyl ozal özygtyýarlylygyny gazanyp, ykdysady taýdan ösen berkarar döwlete öwrüldi hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň, ösüşiň, bagtyýarlygyň we abadançylygyň bähbidine giň hyzmatdaşlyk üçin açyk ýurt hökmünde belent halkara abraýa eýe boldy.

Şol sebäpli hem guralýan çäreleriň her biri uly ähmiýete, baý many-mazmuna eýe bolup, milli ýörelgelere laýyklykda, giňden hem-de ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna kybap derejede bellenilip geçilmelidir diýip, milli Liderimiz wise-premýere hem-de paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlerine bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow täze, 2020-2021-nji okuw ýylyna hem-de Bilimler we talyp ýaşlar gününe görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berlişi ýaly, bilim ulgamynyň ähli edaralarynda abatlaýyş işleri ýerine ýetirilip, arassaçylyk we zyýansyzlandyryş çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Okuw meýilnamalary we maksatnamalary milli ýörelgelerimize laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde, ýurdumyzyň orta mekdepleri many-mazmun, bilim-terbiýeçilik, bezeg taýdan kämilleşdirilen okuw kitaplary bilen üpjün edilýär.

Mekdep okuwçylaryny we talyplary zerur bolan esbaplar, lybaslar, sport eşikleri bilen üpjün etmek maksady bilen, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan mekdep harytlarynyň göçme söwdasy hereket edýär.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda bilim özgertmelerini innowasion esasda çaltlandyrmagyň, sanly bilim ulgamyny döwrebap ösdürmegiň möhüm meseleleri, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmek barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň usullary ara alnyp maslahatlaşyldy.

1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dürli dabaraly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhümdigini belledi. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesli oňat bilim almaga ruhlandyryp, olarda bilimlere bolan höwesi berkitmäge hem-de gözýetimlerini giňeltmäge ýardam eder.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe berkarar Watanymyzyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan ilkinji sapak bolsa ýaşlaryň watançylyk duýgusyny artdyryp, kalbyny ata Watanymyza bolan söýgüden dolduryp, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin päk ýürekden zähmet çekmäge ruhlandyrar.

Milli Liderimiz welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasyny amala aşyrmak boýunça çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, halkara gün tertibiniň strategik meseleleri, şol sanda howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurlara degişli meseleler boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Bu ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň gerimli işler amala aşyrylýar we möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar.

Şu günki güne çenli Türkmenistan ekologiýa ugry boýunça halkara konwensiýalaryň hem-de köptaraplaýyn resminamalaryň 20-sine goşuldy. Munuň özi bellenilip geçilen ugurlarda milli, sebit we halkara derejesinde netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin berk hukuk binýadynyň döredilmegine ýardam edýär.

Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyz daşky gurşawy goramak boýunça halkara resminamalaryň 4-sine goşuldy. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy bellenildi.

Garaşylyşy ýaly, bu Ýörite maksatnamany döretmek boýunça resminamanyň taslamasyna BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) 2021-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek mejlisinde garalar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary tarapyndan täze Hazar ekologiýa maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň taslamasy hem taýýarlanyldy. Bu resminama Hazaryň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly konwensiýa agza ýurtlaryň nobatdaky mejlisinde seretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa diplomatiýasyny ilerletmek we bu ulgamda halkara-hukuk binýadyny pugtalandyrmak baradaky netijeli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň BMG-niň Biologik dürlülik hakyndaky konwensiýasynyň Nagoý Teswirnamasyna goşulmagy baradaky teklibi beýan etdi.

2014-nji ýylda güýje giren bu resminama genetiki baýlyklaryň elýeterliligini we olary ulanmak bilen düşýän peýdany ýurtlaryň arasynda deň derejede we adalatly paýlanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda bu Teswirnama Ýewropa Bileleşigi we dünýäniň 123 döwleti gatnaşyjy bolup durýar.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ekologiýa ulgamynda halkara borçnamalary we milli hukuk namalaryny ýerine ýetirmäge aýratyn üns berýär. Degişli işleri yzygiderli geçirmek üçin ýurdumyzda Ekologiýa meseleleri boýunça iş toparyny döretmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň we daşky gurşawy goramagyň Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Munuň özi örän jogapkärli garaýyşdyr. Ýurdumyz milli ösüş meýilnamalary işläp taýýarlanda hem-de daşary syýasy ugruny durmuşa geçirende, bu ýörelgä berk eýerýär.

Türkmenistan ählumumy hyzmatdaşlygyň gün tertibinde ekologiýa meselesini berkitmek boýunça yzygiderli ädimleri ädip, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň münberinden anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şol başlangyçlar bolsa bu ulgamda köptaraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, bilelikdäki uzak möhletli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramak babatdaky esasy resminamalaryny, şol sanda Biologik köpdürlülik hakyndaky, Ozon gatlagyny goramak hakyndaky, Çölleşmäge garşy göreşmek baradaky Konwensiýalary, Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny tassyklap, öz üstüne alan borçnamalara ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär.

Umumy tagallalary birleşdirmek, «ýaşyl» ykdysadyýetiň standartlaryny ornaşdyrmak, işiň ähli ugurlarynda ýokary ekologiýa talaplaryny berjaý etmek sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, adamlaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň möhüm şertleridir. Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasyny özüniň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürmek bilen, tutuş adamzadyň jana-jan bähbitleri bilen baglanyşykly möhüm meseleleri çözmäge mynasyp goşant goşýar.

Bular barada aýtmak bilen, milli Liderimiz beýan edilen teklipleri, umuman, makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine bu ugurda toplumlaýyn işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşýanlara ýüzlenip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça ileri tutulýan garaýyşlaryny özünde jemleýän başlangyçlaryny beýan etjekdigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň öňe sürýän tutuş adamzat ähmiýetli birnäçe başlangyçlary halkara bileleşigiň ykrarnamasyna we goldawyna eýe boldy. Bu bolsa Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň barha belende galmagyny şertlendirdi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyny belleýän döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisinde ýene-de möhüm başlangyçlary öňe sürer diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi bilen gatnaşyklary ösdürýär, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Ähli ugurlar boýunça BMG bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek strategik ugur hökmünde çykyş edýär. Munuň özi döwletimiziň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny belleýändigini aýdyp, 2017-nji ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň köp sanly agza döwletleriň awtordaşlygynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan edendigini ýatlatdy. Bitaraplygyň ýörelgeleri, gymmatlyklary we dünýägaraýşy milli bähbitlere hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň umumy maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelýär. Munuň özi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejede giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde koronawirus ýokanjy zerarly ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlar we onuň öňüni almak boýunça halkara tagallalaryň utgaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigi beýan ediler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Koronawirus ýokanjynyň ýaýrap başlan pursatlarynda Türkmenistanyň bu wehime garşy durmak boýunça zerur çäreleri amala aşyrandygy, gorag işleriniň öz wagtynda geçirilendigi, şeýle hem koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça milli strategiýanyň kabul edilendigi bellenip geçiler.

Milli Liderimiziň pikirine görä, häzirki döwürde ählumumy ykdysadyýeti durnukly ösüş derejesine çykarmak üçin ygtybarly binýadyň döredilmegi wajyp bolup durýar. Şunlukda, energetika, ulag, senagat we söwda ugurlaryna möhüm orun degişlidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň durnukly we ygtybarly üstaşyr geçirilmegi babatda BMG-niň halkara-hukuk guralyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi maksat edinýändigi beýan ediler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Tutuş dünýä üçin çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe ýurdumyz halkara ulag gatnawlarynyň möhüm ornuny belleýär hem-de olaryň durnuklylygyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Türkmenistan ýakynda Bütindünýä söwda guramasyna synçynyň derejesine eýe bolandygyny nazara alyp, täze mümkinçiliklerden peýdalanyp, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çökgünlikleri ýeňip geçmek hem-de sazlaşykly ösüş ýoluna düşmek boýunça anyk teklipleri öňe sürýär.

Hormatly Prezidentimiz beýleki ileri tutulýan garaýyşlara geçip, häzirki döwürde tutuş adamzadyň öňünde möhüm ekologiýa meseleleriniň durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleriniň ähmiýetlidigi gürrüňsizdir. Çünki Aral meselesiniň çözgüdine halkara derejede ähmiýet bermek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şeýle hem energiýa we ulag, aragatnaşyk ulgamlary boýunça iri taslamalary, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrmak, şunlukda, halkara bileleşigi, işewür düzümleri, maliýe edaralaryny bu işe çekmek meseleleri möhüm bolup durýar.

Birleşen Milletler Guramasy biziň ýurdumyz üçin ygtybarly hem-de wajyp hyzmatdaş bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz ýene-de bir gezek nygtady we Türkmenistanyň halkara giňişlikde BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda hereket edýändigini belledi. Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy bellenilýän ýylda Türkmenistan guramanyň esasyny düzýän asylly ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygyny beýan edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň BMG bilen strategik taýdan ähmiýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklap, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleri hukuk taýdan goldamak boýunça milli Parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat bilen çykyş etdi.

Habar berlişi ýaly, 22-nji awgustda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň onunjy maslahaty geçirildi. Onda kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Häzirki wagtda kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. Hereket edýän kanunçylyk namalary kämilleşdirilýär.

Şu ýyl milli Parlamentiň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda özgertmeleri geçirmek wezipesi bar. Mejlisiň deputatlary şol özgertmeleriň taryhy ähmiýetini, Konstitusion kanunyň many-mazmunyny halkymyza doly ýetirmek, ýurdumyzyň milli demokratik ösüş ýoly hakynda wagyz-nesihat işlerini geçirýärler. Parlament Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmek üçin zerur çäreleri görmek boýunça degişli işleri alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanun çykaryjylyk işiniň giň gerimli döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň esasy guralydygyny hem-de halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, raýat edaralaryny pugtalandyrmaga hem-de jemgyýetde demokratik gymmatlyklary ornaşdyrmaga ýardam etmelidigini belledi.

Milli Liderimiz deputatlaryň syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn we ylmy edaralaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýerlerde jemgyýetçilik bilen duşuşyklaryň dowam etmelidigine, Halk Maslahatynyň mejlisine hödürlenýän Konstitusion kanunyň ähmiýetiniň halkymyza ýetirilmelidigine ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14738