POEZIÝADAN REŽISÝORLYGA UZAN ÝOL

«Men haçan-da bolsa bir wagt režissýor bolup, özümi öz filimimde surata düşürerin» — diýip, aktrýorçylyk bölüminiň talyby ýoldaşlaryna gürrüň berýärdi. Bu umyt bildirilýän talyp Çaryýar Seýidowdy.

Geljekki kinorežissýor şahyr Magtymguly Pyragynyň taryha giren watany Gerkez obasynda dogulýar. Megerem bu ýagdaý şahsyýetiň ruhy gurluşynyň emele gelip ösmegine ýardam berendir.

Çaryýar heniz oglanjykka türkmen nusgawy edebiýatynyň goşgularyny obadaşlaryna okap berýärdi, ýöne hemmesinden beteri takyk ylymlar bilen gyzyklanýardy. Şonuň üçin hem ýaş wagtynda Gorkiý (häzirki Magtymguly) adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika bölümine okuwa girmek üçin Aşgabada gidýär.

Giriş synaglaryndan ejiz gelip, gurluşykçy bolup işe girýär. Emma islendik şowsuzlyklar diňe üstünlik gazanmagy öwredýär. Bir ýyldan soň ykbal ýigdekçä öz güýjüni aktýorluk sungatynda barlap görmäge mümkinçilik döredýär.

Teatr ugrundan giriş synaglaryny tabşyrmaga gitmegi oňa dosty ündedi. Şeýdip Çaryýar Daşkendiň Ostrowskiý adyndaky döwlet teatr-sungat institutynyň talyby bolýar.

Men Özbegistanda okamak üçin hut demir ýol ulagy bilen gitdim —diýip, kinorežissor ýatlaýar — Okuw ýyllarynyň dowamynda men sahna sungatynda käriňe höwes döretmek üçin, talyplarynyň zehininiň açylmagyna ýardam edip bilýän oňat halypa-mugallymyň gerekdigine düşündim. Şeýle halypa mende bardy, ýöne bolan mümkinçilikden men peýdalanmadym. Bir gezek biz bile okaýan ählli ýyldaşlarymyz bilen Moskwa we Leningrad (Häzirki Sankt— Peterburg) şäherlerine tejribe geçmek üçin gitdik. Uçarda meniň ýanymda oturan, megerem mende guramaçylyk ukybyny görendir-dä professor Iosif Weniaminowiç Radun režissýorlyk kafedarasyna geçmegi teklip etdi.

Şeýle teklipden boýun gaçyran Çaryýar Seýidow öz kärini dikeltmäge özbaşdak ýol geçmegi karar etdi. Döredijilik institutyny aktýor hökmünde tamamlansoň ol režissýorlyk hünäriniň özüne ýakyndygyny duýdy.

Täze gelen hünärmen uzak ýyllaryň dowamynda «Türkmenfilim» kinostudiýasynda zähmet çekip, türkmen kinomatografiýasynda öňden işläp gelýän belli türkmen režissýory Kakow Orazsähedowdan iş öwrenip, tejribe toplaýar. Tejribe toplamagyň dartgynly ýoluny geçen Çaryýar Seýidow uly kinolary özbaşdak surata düşürmek işine diňe alty ýyldan soň başlady. Onuň ilkinji kino düşürmek işleri «Ýyldyzjyk we gulanjyk» çeper filimi, şeýle-de «Zemine gaýdyp gelmek», «Seniň halyň gölleri», «60-njy bahar» we beýleki dokumental kinokartinalary bolupdy.

1994-nji ýylda režissýor şu günlerde-de işleýän hususy «Mekanfilim» kinostudiýasyny açdy. Döredijilik taslamalaryny durmuşa geçirýän Çaryýar Seýidow Türkmen döwlet medeniýett institutynda hem ders berýär. Kinorežissýoryň tagallasy bilen haçandyr bir wagt öz zehininiň açylmagyna itergi beren, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň üç ýüz ýyllyk toýuna bagyşlap filim düşürildi.

Swetlana Çirsowa

Poeziýadan režisýorlyga uzan ýol (turkmenistan.gov.tm)