ÜÇDEPE ÝAÝLASYNDAKY MIWELI BAGLAR

photo

Daýhançylyk we bagbançylyk hem Marydaky «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň alyp barýan köpugurly telekeçilik işleriniň täze, uly bähbitleri nazarlaýan şahasyna öwrüldi.

Kärhananyň telekeçileri medeni zonadan 80 kilometr çemesi uzaklykdaky Wekilbazar etrabynyň Üçdepe ýaýlasynda 12 gektarda banan we sitrus miwelerini ýetişdirmeklige niýetlenen ýyladyşhananyň gurluşygyna girişdiler. Gurluşyga başlanan meýdan «Miweli ülkäniň» Türkmenistanyň Prezidentimiziň «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakyndaky» Kararyna laýyklykda 2020-nji ýylda kärendesine alan 214 gektar ýeriniň bir bölegidir. Şertnama laýyklykda geljekde bu ýyladyşhananyň meýdany 50 gektara çenli giňeldiler.

Üçdepe ýaýlasynda öňden bar bolan suw akabasynyň boýundan kärendesine alnan meýdana daş örtükli ýol we elektrik togy çekildi, çäge alaňlary tekizlenip, ýerler ulanyşa girizilip başlandy. Ekerançylygy ylmy esasda alyp barýan telekeçiler uly möçberde ýerli dökünleri ulanmagyň, ýorunja we arpa ýaly ýeri özleşdiriji we gurplandyryjy ekinleri ekmegiň hasabyna ürgün çägeli meýdanyň esasy böleginde ekine ýaramly topragy döretdiler. 6 gektarda oturdylan miweli baglar kemsiz boý aldy.

“Miweli ülkäniň” ýolbaşçysy S. Hankuliýewiň gürrüň bermegine görä, häzirki wagtda hususy kärhanada jemi 400-den gowrak adam işleýär. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 31-ýyllygyna gabatlanyp ulanylmaga berilmeli binalaryň sanawyna goşulan täze 5 müň tonnalyk sowadyjy ammaryň işe girizilmegi kärhananyň geriminiň we mümkinçilikleriniň has giňemegine, täze iş orunlarynyň döremegine uly ýardam eder.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/65555/ucdepe-yaylasyndaky-miweli-baglar