«AHAL» TOPARY TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONATYNYŇ BIRINJI ÝARYMYNYŇ JEMI BOÝUNÇA «ALTYN ASYR» TOPARYNDAN 7 UTUK KÖP TOPLADY

photo

«Ahalyň» futbolçylary çempionlyk ugrunda esasy bäsdeşi «Altyn asyrdan» utuk tapawudyny 7-ä ýetirdiler. «Ahal» topary milli birinjiligiň ikinji aýlawyny jemlän 14-nji tapgyryň jemleýji oýnunda öz meýdançasynda «Aşgabat» toparyndan 4:0 hasabynda üstün çykansoň şeýle ýagdaý emele geldi. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparyndan Elman Tagaýew (29), Hoşgeldi Hojowow (57), Meýlis Diniýew (60) we Ilýa Timurkin (70)-nji minutlarda tapawutlandylar.

Olaryň arasynaky birinji aýlawyň duşuşygy hem 3:2 hasabynda «Ahalyň» peýdasyna tamamlanypdy.

Netijede Mergen Orazowyň şägirtleri çempionatyň birinji ýarymynda 38 utuk topladylar. Ýaryş tertibinde ikinji orny eýelän Türkmenistanyň häzirki çempiony «Altyn asyryň» 31, üçünji orundaky «Köpetdagyň» 24 utugy bar.

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawy 15-nji tapgyryň oýunlary bilen başlanar. 18-nji oktýabrda Aşgbatda «Köpetdag» – «Merw», 19-njy oktýabrda «Altyn asyr» – «Energetik», «Ahal» – «Nebitçi» we «Şagadam» –«Aşgabat» toparlary öz aralarynda duşuşarlar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67130/ahal-topary-turkmenistanyn-cempionatynyn-birinji-yarymynyn-jemi-boyunca-altyn-asyr-toparyndan-7-utuk-kop-toplady