TÜRKMEN TENNISÇILERI DEWIS KUBOGYNDA BUTAN BILEN OÝNY ÝEŇIŞLI BAŞLADYLAR

Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndy topary şu gün Isa Bahreýn (Bahreýn) şäherinde geçýän Dewis Kubogynyň zolaklaýyn ýaryşyna Butan toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykmak bilen başlady.
Ildeşlerimiziň çykyş edýän Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda synp derejesini ýokarlandyrmak üçin ikä bölünen 9 topar bäsleşýär.
Birinji belgi bilen bellenen Türkmenistanyň milli ýygyndysy bije atylanda, Kambojanyň, Mongoliýanyň we Butanyň toparlary bilen «B» toparyna düşdi. «A» toparyny Kuweýt, Singapur, Guam, Laos we Bahreýn düzýär.
Toparlaryň ýeňijileri pleý-offa çykarlar; onuň ýeňijisi bolsa geljek ýyl Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparynda oýnamaga hukuk alar.
Açylyş oýnunda Türkmenistanyň topary Dewis Kubogyna ilkinji gezek gatnaşýan Butanyň ýygyndysyna garşy oýunda kän bir kynçylyk çekmedi. 56 minut dowam eden ýekelikde geçirilen ilkinji duşuşykda Ýuriý Rogusskiý Nidup Geltşeni iki setde ýeňdi – 6:2, 6:0. Ikinji duşuşykda bolsa Meýlis Orazmuhammedow 1 sagat 24 minutda Pema Norbundan üstün çykdy – 6:2, 6:0. 1 sagat 25 minut dowam eden üçünji oýunda Gurbanberdi Gurbanberdiýew bilen Ýuriý Rogusskiniň ikisi Tenzin Singye Dorji-Tandin Wangçuk jübütinden güýçli çykdy – 6:4, 6:2.
Türkmen tennisçileriniň indiki garşydaşy, şu gün Kamboja toparyndan 0:3 hasabynda utulan dünýä tennis reýtinginde 145-nji orny eýeleýän Mongol topary bolar.
Bir ýyl mundan öň Türkmenistanyň we Mongoliýanyň toparlarynyň Dewis Kubogynda eýýäm Bahreýn meýdançalarynda duşuşandygyny aýtmak gerek. Şonda ýeňiş türkmen tennisçilerine ýar boldy – 3:0.
2022-nji ýyl Dewis Kubogynyň ilkinji iki tapgyrynyň galan duşuşyklarynyň netijeleri şeýle: «A» topar: Kuweýt – Guam – 3:0, Bahreýn – Singapur – 0:3, Kuweýt – Laos – 3:0, Bahreýn – Guam – 0:3; «B» topar: Kamboja – Butan – 3:0.
Türkmen tennisçileriniň Dewis Kubogynda 2004-nji ýyldan bäri oýnap gelýändigini ýatladýarys. Olar 2012-nji ýylda Dohada (Katar) IV toparyň zolaklaýyn ýaryşynda ilkinji gezek pleý-offa çykdylar, emma Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparynda oýnamaga hukuk almak ugrundaky göreşde Kamboja toparyndan asgyn geldiler – 0:3. 2013-nji ýylda BAE-de geçirilen ýaryşda ildeşlerimiz ähli garşydaşlaryny ýeňip, ilkinji gezek has ýokary derejeli topara girdiler. 2014-nji ýylda Tähranda geçirilen «Dewis Kubogy» zolaklaýyn ýaryşynda Türkmenistanyň erkekler topary Birleşen Arap Emirlikleriniň toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykmak bilen, Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparynda öz ornuny elde saklady. Türkmen topary 2015-nji ýylda Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) Aziýa we Okeaniýa zolagynyň III toparynyň ýaryşynyň pleý-offuna çykyp, bu ýaryşlarda iň gowy netijäni gazandy.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67181/turkmen-tenniscileri-dewis-kubogynda-butan-bilen-oyny-yenisli-basladylar