Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi

2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow tarapyndan kabul edildi.
Duşuşygyň başynda R.Meredow Gyrgyzystanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Sadyr Žaparow özüne we Gyrgyzystanyň halkyna hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň hökümetine mähirli salamyny we minnetdarlyk sözlerini ýetirmegi haýyş etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ýokary depginli ösüşini tassykladylar.
Konstruktiw ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda köptaraplaýyn formatda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler iki ýurduň gatnaşmagynda öňde duran çäreleri, hususan-da şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara forumy ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowa ýollanan agzalan foruma çakylygy gowşurdy.
Gyrgyzystanyň Baştutany gyrgyz tarapynyň ýokary wekilçilikli derejede Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçiriljek çärelere gatnaşmaga meýliniň bardygyny beýan etdi.