Türkmenistanyň we Hindistanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Nýu-Deli şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subramanýam Jaýşankaryň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky konstruktiw syýasy dialogy berkitmekde ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlaryň we duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary güýçlendirmegiň syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýandygy nygtaldy.

Mundan başga-da, diplomatlar sebit we halkara derejesinde, hususan-da abraýly halkara düzümleriň çäginde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligini bellediler.

Şol bir wagtyň özünde söwda-ykdysady pudakdaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini we şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegini nazara almak bilen, ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky ygrarlylyk tassyklanyldy.

Dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde utgaşdyryjy serişde hökmünde Söwda-ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurlygy bellenildi.

Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda maglumat tehnologiýalary, ulag we logistika, dokma, himiýa, nebithimiýa hem-de derman senagaty ýaly ugurlary kesgitlediler. Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde medeni-ynsanperwer, hususan-da ylym-bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk kesgitlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine ynam bildirdiler.