img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Owganystandaky Baş konsuly B.Kabaýewiň (Mazary-Şarif ş.) Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi Mohammad Ýusuf Wafa bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar dostlukly gatnaşyklaryň netijesinde durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalary, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr we energetika ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

Şeýle hem taraplar 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna bagyşlanan hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän çäreler barada durup geçdiler.