HINDISTANDA GDA ÝURTLARYNYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY BELLENILDI

photo

Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide GDA agza-ýurtlaryň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Arkalaşygyň agza-döwletleriniň diplomatik wekilhanalary bu çäräniň guramaçylary boldular.

Hindistanyň Döwlet Daşary işler ministri Menakşi Lekhi dabaranyň myhmany boldy.

«Biz halklarymyzyň arasyndaky ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin elimizden gelenini etmelidiris. Muny bolsa diňe birleşmek arkaly gazanyp bileris» – diýip, Menakşi Lekhi Hindistanyň Arkalaşygyň ähli ýurtlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýandygyny bellemek bilen aýtdy.

Çärä gatnaşanlar ýurtlaryň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini görkezýän tematik surat sergisi bilen tanşyp, dokuz ýurduň ählisiniň-de milli tagamlaryny dadyp gördüler.

Hindistanda GDA ýurtlarynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenildi (turkmenistan.gov.tm)