TÜRKMEN SAMBOÇYLARY LIWANDA GEÇÝÄN AZIÝA ÇEMPIONLYGYNDA BÄSLEŞIGE BAŞLAÝARLAR

2-nji iýunda Liwanyň Juniýa şäherinde başlanýan sambo boýunça Aziýa çempionlygyna Türkmenistandan 27 türgen gatnaşar.
Ýaryşyň guramaçylarynyň habar bermegine görä, yklymyň ýaşlar ýaryşynyň barşynda ýigitler we gyzlar sport sambosy boýunça 8, ýetginjek oglan-gyzlar bolsa ‒ 7 agram toparynda göreş tutarlar. Aziýa çempionlygynyň barşynda hem erkekleriň, hem aýallaryň arasynda sport we söweş sambosy boýunça ýaryşlar geçiriler.
Çempionlyga 20-den gowrak ýurtdan toparlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýaryşyň medaly ugrunda diňe Aziýa yklymynyň iň güýçli samboçylary däl, eýsem Awstraliýanyň, Okeaniýanyň: Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň toparlary hem güýç synanyşarlar. Awstraliýa yklymynyň milli federasiýalary bilen sport gatnaşygyny ýola goýmak baradaky karar Aziýanyň Sambo Bileleşiginiň 2019-njy ýylda Daşkentde geçen Kongresinde kabul edilipdi. Eýsem-de bolsa, awstraliýaly we okeaniýaly samboçylaryň ýaryşa gatnaşmagy COVID-19 pandemiýasy zerarly ýurtlar arasyndaky gatnawyň çäklendirilmegi netijesinde, iki gezek yza süýşürilipdi. Şu ýyl bolsa Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň türgenleriniň gatnaşmagy ahyrsoňy mümkin boldy we olar bu mümkinçiligi elden bermediler.
Çempionlygyň başlanmagynyň öňýanynda Aziýa sambo bileleşiginiň Eminler kollegiýasy Juniýada eminler seminaryny geçirdi, oňa 10 ýurtdan: Iordaniýadan, Yrakdan, Eýrandan, Gazagystandan, Liwandan, Malaýziýadan, Mongoliýadan, Sudandan, Özbegistandan we Türkmenistandan eminler gatnaşdy. Seminaryň esasy maksady eminler toparynyň derejesini ýokarlandyrmak we olary uly halkara ýaryşlara taýýarlamak.
ASB-nyň Eminler kollegiýasynyň başlygy Islom Adylowyň aýtmagyna görä, seminar nazary we amaly bölümleri öz içine alypdyr. Olaryň dowamynda jedelli ýagdaýlar öwrenilipdir, hem sport, hem söweş sambosyndaky adaty ýalňyşlar derňelipdir. Jemleýji bölümde oňa gatnaşanlaryň ählisine yklym boýunça eminlik derejesini almak üçin, synaga girmäge mümkinçilik berler.
Türkmen samboçylary Liwanda geçýän Aziýa çempionlygynda bäsleşige başlaýarlar (turkmenistan.gov.tm)