«GARAGUMUŇ TEBIGATY» ATLY MAGLUMAT MERKEZI AÇYLDY

«Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň Çalyş ylmy-tejribe merkezinde «Garagumuň tebigaty» atly baryp görmek mümkinçiligi döredilen maglumat merkeziniň resmi açylyşy boldy. Bu merkez Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Mihael Zukkowyň tebigaty goramak baradaky gaznasynyň (MSF, Germaniýa) bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde döredildi. Baryp görmek mümkinçilikli maglumat merkezi türkmeniň ak öýi görnüşinde (40 inedördül metr) bolup, Gün arkaly işleýän özbaşdak elektrik bekedi (10 kWt), kompýuter we meýdan enjamlary, zerur gollanmalar bilen üpjün edildi.
Merkeziň resmi açylyşy birinji iýunda – her ýylyň 5-nji iýunynda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda geçirildi. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak baradaky gullugyň, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky işleri boýunça Milli komissiýasynyň sekretariatynyň, Ýabany tebigaty goramagyň Bütindünýä gaznasynyň (WWF), Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň wekilleri hem-de ýerli mekdepleriň okuwçylary we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
«Merkezi Aziýanyň çöller boýunça başlangyjy» diýen taslamanyň (CADI) işi Türkmenistanda birnäçe ýyllaryň dowamynda amala aşyrylýar. Şu döwürde çöl goraghanalarynyň üçüsinde (Bereketli Garagum, Repetek we Gaplaňgyr) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek maksady bilen, «Ýumşak guşaklygyň Turan çölleri» atly tapgyrlaýyn transmilli işi taýýarlanylanda maglumatlary täzelemek we ygytbarly ylmy maglumatlary ulanmak üçin bioköpdürlüligi hasaba almak boýunça toplumlaýyn ekspedisiýalar geçirildi.
2022-nji ýylyň ýanwar aýynda «Ýumşak guşaklygyň Turan çölleri» atly tapgyrlaýyn transmilli resminamasyny taýýarlamak işleri tamamlanyp, oňa garalmagy üçin ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetine iberildi. Şeýle hem taslamanyň çäklerinde Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ekologiýa/oba hojalyk ministrlikleriniň arasynda «Ýumşak guşaklygyň Turan çölleri» atly tapgyrlaýyn transmilli hödürlemäniň ugurlaryny goramak we dolandyrmak baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Goraghanalary dolandyrmagyň bäşýyllyk meýilnamalary işlenilip düzüldi; usulyýet gollanmalary, bioköpdürlüligiň düzüm böleklerine gözegçilik etmek babatda goraghanalaryň işgärleriniň işini ýeňilleşdirmek üçin çölleriň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dürli görnüşleriniň ýerleşen ýerlerini anyklamak boýunça meýdan kesgitleýjiler taýýarlanyldy we çap edildi. Zerur awtoulaglar, kompýuter enjamlary, meýdanda ulanmaga niýetlenilen abzallar we egin-eşikler alyndy, doly maglumatlar we beýlekiler taýýarlanyldy.
«Garagumuň tebigaty» atly baryp görmek mümkinçiligi döredilen maglumat merkezi tebigaty goramaga bagyşlanan dürli çäreleri, öwrediş häsiýetli okuw maslahatlaryny geçirmek, «Ýumşak guşaklygyň Turan çölleri» barada bilimleri artdyrmak babatda jemgyýetçiligiň arasynda maglumatlary ýaýratmak üçin ulanylar.
«Garagumuň tebigaty» atly maglumat merkezi açyldy (turkmenistan.gov.tm)