TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryn...
RAHAT WE HOWPSUZ DURMUŞA NIÝETLENEN ŞÄHER
Soňky ýarym ýylda gazanylan üstünlikleriň arasynda halkara güwänamalaryň we baýraklaryň 21-si bilen sylaglanan «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň açylmagynyň aýratyn ähmiýeti bar. Ol Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, onuň halkyň ýokary durmuş derejesine ymtylyşynyň toplumlaýyn görkezijisine öwrüldi. Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde bellenilip geçilişi ýaly, ýerli gurluşykçylaryň bary-ýogy dört ýylda şeýle şäheri kemala getirmegi halk hojalygynyň kuwwatyny...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 27 MILLION 372 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, tüýjümek önümleriň dürli görnüşleri, nah ýüplük, nah we jin...
TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY WE ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEPLERINE RESMINAMALARY KABUL ETMEK MÖWSÜMI BAŞLANDY
Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy. 17-nji iýul – 28-nji awgust aralygynda geçiriljek ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň möhleti Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 14-nji iýulynda geçen giňeldilen mejlisinde gol çeken degişli Buýrugy bilen tassyklandy. Hususan-da, resminamalar welaýat merkezlerinde we Aşgabatda iýulyň 17-si bilen 30-y...
TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY WE ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEPLERINE RESMINAMALARY KABUL ETMEK MÖWSÜMI BAŞLANDY
Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy. 17-nji iýul – 28-nji awgust aralygynda geçiriljek ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň möhleti Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 14-nji iýulynda geçen giňeldilen mejlisinde gol çeken degişli Buýrugy bilen tassyklandy. Hususan-da, resminamalar welaýat merkezlerinde we Aşgabatda iýulyň 17-si bilen 30-y...
TÜRKMENISTANLY PÄLWANLAR GAZAGYSTANDA GEÇIRILEN GUŞAK GÖREŞI BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA 11 MEDAL GAZANDYLAR
Türkmenistanly türgenler Astanada erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilen XXI dünýä guşak göreş çempionatynda 11 medal gazandy. Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen bu abraýly ýaryşlara 30 ýurduň wekili gatnaşdy. Dünýä çempionatyna gatnaşan biziň toparymyz 16 pälwandan ybarat bolup, olaryň 11-i 4 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar. Iň ýokary baýraklara Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary Hojamyrat Suhanow (agram topary 57 kg çenli), Atageldi Tejendurdyýew...