RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Maý

TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ 50-SI HASABA ALYNDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Singapuryň, Maltanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gruziýanyň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, awtobenzini, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, “Türkmen...

DOWAMY
pic
15 Maý

YKDYSADY, YLMY-TEHNIKI WE MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GAZAK TOPARYNYŇ 12-NJI MEJLISI IŞINI TAMAMLADY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda, Astana şäherinde türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýewiň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň ýolbaşçylygynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşdy.. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen Hökümetara toparynyň 11-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan mowzukl...

DOWAMY
pic
15 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ÝUNESKO-nyň Klaster edarasynyň müdiri Golda el-Huri bilen gepleşikleri geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Bu nukdaýnazardan, türkmen diplomatynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň bu gurama bilen...

DOWAMY
pic
13 Maý

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli parlamentiň alyp barýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirilýär. “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan üýtgetme...

DOWAMY
pic
13 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ M.M.BABAÝEW HAKYNDA PERMANY

Maksat Mämmetsaparowiç Babaýewi Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti  Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 13-nji maýy. Türkmenistanyň Prezidentiniň M.M.Babaýew hakynda Permany (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY
pic
13 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ B.A.AMANOW HAKYNDA PERMANY

Batyr Amangeldiýewiç Amanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti  Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 13-nji maýy. Türkmenistanyň Prezidentiniň B.A.Amanow hakynda Permany (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY
pic
13 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ A.BEGLIÝEW HAKYNDA PERMANY

Aşyrguly Begliýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti  Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 13-nji maýy. Türkmenistanyň Prezidentiniň A.Begliýew hakynda Permany (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY