RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Maý

TÜRKMEN BAGŞYLARYNYŇ BAGŞYÇYLYK SUNGATYNYŇ III HALKARA FESTIWALYNDA GAZANAN ÝEŇŞI

Özbegistanyň Syrderýa welaýatynyň Gülüstan şäherinde geçirilen bagşyçylyk sungatynyň III Halkara festiwalyna 30-dan gowrak ýurtdan sazandalar we aýdymçylar ýygnandylar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň wekilleri bardy. Halkara festiwalda M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan artisti Garýagdy Saryýew, konserwatoriýa...

DOWAMY
pic
10 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparynyň çäginde ikiçäk görnüşde başlanan ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gepleşikleriň dowamynda belleýşi ýaly, Täjigistan Respublikasyna şu gezekki döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileý ýylyna gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şol geçen ýyllaryň dowa...

DOWAMY
pic
10 Maý

TÜRKMENISTANDA TAILAND PATYŞALYGYNYŇ ILÇISI IŞE BAŞLADY

2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Tailand Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Apirat Sugondhabhiromdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat mähirli...

DOWAMY
pic
10 Maý

TAÝLANDYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Taýland Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Apirat Sugondhabhirom bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Taýlandyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ministriň orunbasary Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de özara bähbitlere we ileri tutulýan ugurlara esaslanyp iki ýurduň arasy...

DOWAMY
pic
9 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEŇIŞ GÜNÜNE BAGYŞLANYP MOSKWADA GEÇIRILEN DABARALARA GATNAŞDY

Şu gün, 2023-nji ýylyň 9-njy maýynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy. Ozal habar berilişi ýaly, Beýik Ýeňşiň hormatyna meýilleşdirilen dabaralara gatnaşmak baradaky çakylyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda şu ýylyň 7-nji maýynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşl...

DOWAMY
pic
9 Maý

DUŞENBE ŞÄHERINDE TÜRKMEN-TÄJIK IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparynyň öňüsyrasynda 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň mejlisler zalynda Bilelikdäki türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýew we Täjigistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri U.Usmonzoda açdylar. Foruma iki ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň 250-den gowrak wekili gatnaşdy. Iş...

DOWAMY
pic
9 Maý

TÄJIGISTANYŇ PAÝTAGTYNDA EKSPORT ÖNÜMLERINIŇ BILELIKDÄKI SERGISI AÇYLDY

2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyrjak ilkinji döwlet saparynyň öňüsyrasynda Täjigistanyň Milli kitaphananyň binasynda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň eksport harytlarynyň bilelikdäki sergisi öz işine başlady. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýew we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary Usmonali Usmonzoda gatnaşdylar. Wekil...

DOWAMY