TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) Başlygynyň orunbasary, Wekilçilikli direktory bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) Başlygynyň orunbasary, Wekilçilikli direktory jenap Amakawa Kazuhikonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Iň ýokary derejede ýola goýlan açyk we ynanyşmaga esaslanýan syýasy dialogyň döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylma...
Türkmenistan we Hytaý dostlugyň we özara ynanyşmagyň taryhy däplerine ygrarlylygyny tassyklaýarlar
Müňýyllyklaryň dowamynda türkmenler bilen hytaýlaryň ata-babalarynyň arasynda guralan gatnaşyklaryň häzirki döwürde iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk sütüni bolup hyzmat edýändigi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran soňky iş saparynyň dowamynda tassyklandy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy köklerine, iň baý medeni, maddy we ruhy mirasyna bolan ygrarlylygy diňe bir içerki döwlet syýasatynyň özeninde bolman, eýsem,...
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň taryhy esaslary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça KHR-a amala aşyran iş sapary hem-de onuň mertebeli myhman hökmünde ŞHG+ Sammitiniň mejlisine gatnaşmagy diňe bir ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çygryndaky möhüm waka bolman, eýsem, türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň aýratynlygy hökmünde iki halkyň we döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de özara düşünişmegiň taryhy ýolunyň dowamata eýediginiň hem tassyknamasy b...
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pekin şäherine ugramak üçin Týanszin şäheriniň demir ýol menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary dabaraly ýagdaýda ugratdylar. Biraz salymdan Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýörite otluda Pekiniň demir ýol menziline geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti myhmansöýerligiň asylly däbine görä, mähirli garşylanyldy. Günüň iki...
Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-yň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, HHR-yň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary çakylygy kabul edip, ŞHG-nyň Sammitine gatnaşandyg...
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. HHR-iň Başlygy Si Szinpin duşuşygy açyp, çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi we «ŞHG+» formatynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Başlyk Si Szinpin sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen anyk ädimleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, duşuşygyň net...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Türkmenistan — Hytaý: dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda»
Hormatly hytaýly dostlar! Ilki bilen, “Ženmin Žibao” gazetiniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öň ýanynda şu makalany çap etmek başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin. Men muňa taýýardygymy beýan etdim. Şeýle uly we abraýly neşiriň köpmillionly okyjylaryna göni ýüzlenmek olara Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň düýp mazmunyny gowy bilmäge, biziň halklarymyzyň hatyrasyna we düýpli b...