RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Mar

MEJLISIŇ DEPUTATLARYNYŇ, HALK MASLAHATLARYNYŇ WE GEŇEŞLERIŇ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARY GEÇIRILÝÄR

Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär.  Milli parlamentde, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda saýlawçylara wekilçilik etmäge halkyň arasynda uly hormata we ynama eýe bolan iň mynasyp adamlar hukuk gazandylar. Mejlisiň deputatynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň bir ornuna birnäçe dalaşgär hasaba alyndy. Şeýl...

DOWAMY
pic
25 Mar

TÜRKMENISTANYŇ ULAG IŞGÄRLERI MULTIMODAL ÜSTAŞYR ÝÜK DAŞAMAGYŇ MÖÇBERINI ARTDYRMAK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞYLDYLAR

Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň wekilleri «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň binasynda multimodal üstaşyr ýük daşamagyň möçberini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, ýygnaga gatnaşyjylara üçünji ýurtlardan Türkmenistana ýükler getirilende we Türkmenistanyň çägindäki ulaglara ýük ýüklenende haryt gymmatlyklary baradaky resminama we ýük awtoulaglarynyň eýelerine haryt daşamak üçin rugsatnamalar berlende «Türkmenulaggözegç...

DOWAMY
pic
24 Mar

ARKADAG ŞÄHERINIŇ MUZEÝI ÝURDUMYZYŇ TARYHY WE MEDENIÝETI BARADA GÜRRÜŇ BERER

Arkadag şäherinniň täze muzeýiniň ekspozisiýasyny jemlemek boýunça işler alnyp barylýar we ol milli mirasymyzyň taryhy-arheologiki gymmatlyklaryny giňden görkezer. Muzeý gymmatlyklaryny saýlamak, dikeltmek we taýýarlamak ugrundan işleýän hünärmenleriň aýtmagyna görä, muzeýiň gorlary ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň ähli döwürlerini görkezer we olaryň hatarynda gadymyýetiň, bürünç we demir asyrlarynyň, neolit we eneolit eýýamlarynyň, orta asyrlaryň we beýleki döwürleriň belli ýadygärlikleri bar....

DOWAMY
pic
24 Mar

TÜRKMENBAŞYNYŇ HALKARA DEŇIZ PORTUNYŇ ÄHMIÝETI BARHA ARTÝAR

2023-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň deňiz portunyň halkara ýük daşalmgynda üstaşyr merkez hökmünde ähmiýeti hasam artdy. “Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi” (TULM) açyk paýdarlar jemgyýeti, Hazar deňzine çykalgasy bolmadyk goňşy ýurtlardan üstaşyr ýük daşamaklygy amala aşyrýar. TULM Özbegistanyň “UzAVTO MOTORS” paýdarlar jemgyýetiniň ätiýaçlyk şaýlar ýüklenen konteýnerlerini Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen müşderisine – Azerbaýjan Respublikasynyň “AZERMASH SP” paýdar...

DOWAMY
pic
24 Mar

MEETING AT THE MFA OF TURKMENISTAN WITH THE SECRETARY GENERAL OF THE CIS

On March 24, 2023, the Minister of Foreign Affairs Rashid Meredov held talks with the Secretary General of the Commonwealth of Independent States Sergey Lebedev, who arrived in the Turkmen capital at the head of the CIS Observer Mission to participate in the assessment of the elections of deputies of the Mejlis of Turkmenistan and members of local representative authorities, which will be held on March 26, 2023. In frames of the discussion of the organizational aspects of election preparation...

DOWAMY
pic
24 Mar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Arkadagymyz GDA-nyň synçylar toparynyň 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. GDA-nyň Baş sekretary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar...

DOWAMY
pic
24 Mar

TÜRKMENISTANDA ARGENTINA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI AKKREDITIRLENDI

2023-nji ýylyň 23-nji martynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Antonio Zuaýndan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň ugry boýunça işjeň ösdürilýän dostlukly we geljegi uly döwletara gatnaşyklar ulgamynda üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň çäklerinde diplomat ýurdumyzyň d...

DOWAMY