TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
DOSTLUK WE YNANYŞMAK SYÝASATY — ATA WATANYMYZYŇ GÜLLÄP ÖSÜŞINIŇ KEPILI
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. 13-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýerine ý...
MILLI BAHAR BAÝRAMY MYNASYBETLI ÄHLIHALK DABARALARY
Şu gün Türkmenistan Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ruhubelentlik bilen garşylady. Bu baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy diňe bir baharyň garşylanmagyny hem-de janlanýan tebigatyň dabaralanmagynyň nyşanyny alamatland...
KATARDA TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY AÇYLDY
2023-nji ýylyň 20-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katara döwlet saparynyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň Ilçihanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly çärä daşary ýurtlaryň Katardaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle-de ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Ilçihananyň açylyş dabarasynda Watanymyzyň ýaşyl tugy belende galdyryldy we Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Resmi açylyş dabarasyndaky çykyşlarda nygtalyşy...
TÜRKMEN-KATAR GATNAŞYKLARYNYŇ HUKUK BINÝADY PUGTALANDYRYLDY
Ikiçäk görnüşdäki duşuşyk tamalanandan soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň gatnaşmagynda şu aşakda görkezilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy: - Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; - Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Katar Döwletiniň Döwlet prokuraturasynyň arasynd...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KATAR DÖWLETINE DÖWLET SAPARY
2023-nji ýylyň 19-20-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet sapary boldy. 20-nji martda günüň birinji ýarymynda «Sheraton Grand Doha Resort and Convention» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum guramalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirildi. Işewürlik çäresine Kataryň Söwda-senagat edarasynyň, Işewürler assosiasiýasynyň, “Delta Group”, “Turnkey Trading and Contracting”, “Sh...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ UMUMY BAHASY ABŞ-NYŇ 181 MILLION 691 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Nebiti gaýtadan işleýän senagatyň önümleri ýokary islegden peýdalanýar. Şeýlelikde, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Maltanyň we beýleki döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri suwuklandyrylan gazy, dizel ýangyjyny, awtobenzini, ýangyç mazudyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäni...
ARKADAG ŞÄHERINDE GURLAN BILIM, SAGLYGY GORAÝYŞ, MEDENIÝET EDARALARYNA WE SUNGAT BINASYNA TÜRKMEN HALKYNYŇ GÖRNÜKLI ŞAHSYÝETLERINIŇ ATLARYNY DAKMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň hem-de etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de şähergurluşy...