TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY AMALA AŞYRYLDY
2023-nji ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň täze ýylda daşary ýurda ilkinji saparynyň 6-njy ýanwarda bellenilen şanly sene — Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy bilen gabat gelendigini bellemek zerurdyr. 5-nji ýanwarda Prezidentimiziň uçary Pekiniň “Şoudu” Halkara howa menziline gelip gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutany...
TÜRKMENISTAN TÄZE, 2023-NJI ÝYLY ULY ÜSTÜNLIKLER, BEÝIK MAKSATLAR BILEN GARŞYLADY
Şu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly işlerini dowamata atarjak täze, 2023-nji ýyly şatlyk we dabara bilen garşylaýar. Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde, obalarynda giňden we dabaraly bellenilýär. Bagtyýar çagalar bezelen arçalaryň daşyndan gol tutuşyp aýlanýarlar. Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet, sungat ussatlary — meşhur estrada aýdymçylary, wäşiler, tans toparlary hem-de teatr artistl...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ KARARY 2023-NJI ÝYLY «ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLY» DIÝIP YGLAN ETMEK HAKYNDA
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her güni şanly wakalara hem-de zähmet üstünliklerine beslenýär. Tamamlanyp barýan ýyl Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň geçirilen, Berkarar döwletiň täze eýýamyna gadam basylan we möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, şeýle hem ägirt uly durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan döwri hökmünde taryha girýär....
AÇYKLYK WE ÖZARA DÜŞÜNIŞMEK — NETIJELI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen hem-de özbek halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Özbegistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär. Şol gatnaşyklar...
Türkmen – owgan gatnaşyklaryna bagyşlanan okuw sapagy
2022-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw Merkeziniň çäklerinde Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazary-Şarif şäheri) Baş konsuly Bazarbaý Kabaýewiň, şeýle-de institutyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Ulag diplomatiýasy» boýunça okuw sapagy geçirildi. Baş konsul duşuşygyň dowamynda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň barha giň gerime eýe bolýandygyny belläp, bu ba...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 26-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň “Pulkowo” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştuta...
THE FOREIGN MINISTERS OF TURKMENISTAN AND JAPAN DISCUSSED THE PROSPECTS FOR BILATERAL COOPERATION
On December 24, 2022, the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Rashid Meredov met with the Minister of Foreign Affairs of Japan Yoshimasa Hayashi. The Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan, expressing gratitude to the head of the Japanese Foreign Ministry for the initiative to organize the current meeting of the "CA-Japan" Dialogue, especially noted the timeliness of the meeting and congratulated his colleague on the successful holding of the 9th Meeting of Foreign Ministers of t...