RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TUNIS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saide we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Tunis Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz...

DOWAMY
pic
29 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW: — TÜRKMENISTANYŇ ULAG-LOGISTIKASY ÝEWRAZIÝA YKLYMYNYŇ ÜSTAŞYR DÜZÜMINIŇ MÖHÜM BÖLEGIDIR

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 21-22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň barşynda BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen gepleşiklerde ulag-logistika ulgamynyň hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Bu babatda iki ýurduň port düzümlerini ulanmak arkaly, utgaşykly ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler bar. Mälim bolşy ýaly, 2018-nj...

DOWAMY
pic
29 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI MEDENIÝETIŇ HALKARA GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewi kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary bilen mähirli salamlaşyp, Sultan Raýewi bu jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlady hem-de alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.  Duşuşygyň dowamynda däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda medeniýet we sungat ugurl...

DOWAMY
pic
28 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, gowaça meýdanlarynda bar bolan pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak...

DOWAMY
pic
28 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞENBEDE GEÇIRILEN AHHG-NYŇ MÜDIRIÝETINIŇ NOBATDAKY MEJLISINE GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Duşenbe şäherinde Araly Halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärede Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Annageldi Ýazmyradow ýolbaşçylyk etdi.  Mejlisiň işine AHHG-nyň Müdiriýetiniň agzalary – Gazagystan Respublikasynyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministri Brekeşow S.A., Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary Ganiýew Ş.M., Täjigist...

DOWAMY
pic
28 Noý

OWGANYSTANYŇ FARÝAB WELAÝATYNYŇ GARAMGOL ETRABYNYŇ SAGLYK ÖÝÜNIŇ DURKUNYŇ DÜÝPLI ABATLANYLMAGY WE YNSANPERWER KÖMEGI BERILMEGI BILEN BAGLY GEÇIRILEN DABARALY ÇÄRE

2022-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazary-Şarif ş.) Baş konsullygyň gurnamagynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda gurulyp, 2009-njy ýylyň awgust aýynda ulanyşa berilen Saglyk öýüniň durkunyň Türkmenistan tarapyndan düýpli abatlanyp berilmegi hem-de ynsanperwer kömegi hökmünde medisina enjamlaryň we derman serişdeleriň owgan tarapyna gowşurylmagy bilen bagly dabaraly resmi çäre geçirildi. Geçirilen...

DOWAMY
pic
27 Noý

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi biziň hormatly kärdeşimiz Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Wladimir Wladimirowiç Makeýiň biwagt aradan çykmagy bilen bagly çuňňur gynanjyny bildirýär. Wladimir Wladimirowiç Belarusyň diplomatik gullugynyň ösdürilmegine öz ähmiýetli goşandyny goşdy, öz ýurdunyň daşary syýasatyny yzygiderli, pugta we esasly durmuşa geçirdi, onuň garaýyşlaryny we bähbitlerini halkara giňişliginde öňe sürdi. Ikitaraplaýyn türkmen-belarus däp bolan dostlukly...

DOWAMY