RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Okt

SAZ SUNGATY HALKLARY DOSTLAŞDYRÝAR

Türkmenistan 1992-nji ýylda Ýaponiýa bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Şu ýyllarda taraplaryň syýasy erki bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ösdürildi we yzygiderli pugtalandyryldy. Dostluk gatnaşyklary medeni-bilim ulgamynda-da öz beýanyny tapdy.   Medeni gatnaşyklaryň çäklerinde ýapon sazandalarynyň wekiliýeti ̶ sazanda Kasumi Masumoto, aýdymçy Ýosiko Masumoto we tansçy Çiho Komasu M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda myhmançylykda boldular. Iki halkyň gad...

DOWAMY
pic
18 Okt

MEETING OF THE CHAIRMEN OF THE TURKMEN-JAPAN AND JAPAN-TURKMEN COMMITTEES ON ECONOMIC COOPERATION

On October 18, 2022, the meeting of the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan, Chairman of the Turkmen-Japanese Committee for Economic Cooperation Rashid Meredov with the Chairman of the Japanese-Turkmen Committee for Economic Cooperation, Managing Executive Officer of “ITOCHU Corporation” Hiroyuki Tsubai was held via videoconference. During the meeting, the parties noted that contacts at the highest and high levels play an important role in the development of interstate relations. In t...

DOWAMY
pic
18 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ TERRORÇYLYK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞMAGY

2022-nji ýylyň 17-19-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Duşanbe şäherine saparynyň çäklerinde “Serhet howpsuzlygy hem-de terrorçylyga garşy göreşmek we terrorçylaryň hereketleriniň öňüni almak üçin serhet gözegçiligi ugurlaryndaky halkara we sebit hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli maslahata gatnaşdy. Maslahatyň açylyş dabarasynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmonyň, BMG-niň Baş sekretary A....

DOWAMY
pic
18 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KATARDA BIRNÄÇE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine saparynyň çäklerinde Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş Sekretary Ahmed bin Hassan Al Hammadi bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatiki ugry boýunça ikitaraplaýyn gün tertibiniň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň DIM-leriniň arasynda syýas...

DOWAMY
pic
17 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň dikeldilen güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Azerbaýjan Respublikasynyň soňky ýyllarda syýasy we durmuş-ykdysady ugurlarda möhüm üstünlikleri gazanandygyny, öz raýatlarynyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyryp, ýokary depginler bilen ösmegini dowam etdirýändigini b...

DOWAMY
pic
17 Okt

«AHAL» TOPARY TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONATYNYŇ BIRINJI ÝARYMYNYŇ JEMI BOÝUNÇA «ALTYN ASYR» TOPARYNDAN 7 UTUK KÖP TOPLADY

?Ahalyň» futbolçylary çempionlyk ugrunda esasy bäsdeşi «Altyn asyrdan» utuk tapawudyny 7-ä ýetirdiler. «Ahal» topary milli birinjiligiň ikinji aýlawyny jemlän 14-nji tapgyryň jemleýji oýnunda öz meýdançasynda «Aşgabat» toparyndan 4:0 hasabynda üstün çykansoň şeýle ýagdaý emele geldi. «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň toparyndan Elman Tagaýew (29), Hoşgeldi Hojowow (57), Meýlis Diniýew (60) we Ilýa Timurkin (70)-nji minutlarda tapawutlandylar. Olaryň arasynaky birinji aýlawyň duşuşygy he...

DOWAMY
pic
17 Okt

HALKARA MALIÝE HOWPSUZLYGY OLIMPIADASYNDA ILDEŞLERIMIZIŇ ÜSTÜNLIGI

Russiýa Federasiýasynyň müdirlikleriniň we ministrlikleriniň – Federal maliýe gözegçilik gullugynyň, Magaryf ministrligi we Ylym hem ýokary bilim ministrliginiň bilelikde guran Halkara maliýe howpsuzlygy Olimpiadasynyň ýeňijileriniň arasynda ildeşlerimizden iki talyp bar. Olimpiadada “Halkara gatnaşyklary” ugry boýunça birinji orun Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Baýnazar Nepesowa berildi. Olimpiad...

DOWAMY