TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY
Şu gün irden Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Saparyň maksatnamasy boýunça Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýada birnäçe duşuşyklary, şol sanda bu ýurduň Premýer-ministri, parlamentiniň wekilleri, käbir öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýada döwlet derejesinde geçiriljek matam çäresine gatnaşar. Halk Maslahat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MAROKKONYŇ PATYŞASYNY GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň oňat arzuwlaryny ýollady. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga d...
WATANYMYZYŇ WE JEMGYÝETIMIZIŇ ÖŇDEBARYJYLARYNA DÖWLET SYLAGLARY
Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, onuň halkara abraýynyň belende göterilmegine uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna döwlet sylaglaryny hem-de hormatly atlary dakmak baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidenti...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINDÄKI AWTOMENZILLERIŇ AÇYLYŞYNA AK PATA BERDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ulag düzüminiň desgalarynyň — Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli täze desgalaryň açylyş dabaralary baýramçylyk wakalarynyň öwüşginini has-da artdyrdy. Şanly seneleriň öňüsyrasynda möhüm ähmiýetli desgalaryň açylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artýandygyna, durmuş taýdan depgin...
TÜRKMENISTANYŇ RAÝATYNYŇ PASPORTYNYŇ WE ÝURTDA ÝAŞAMAK ÜÇIN YGTYÝARNAMANYŇ GOWŞURYLYŞ ÇÄRESI GEÇIRILDI
Şu gün, 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň gol çeken ynsanperwer Permanyna we Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň hem-de ýurdumyzda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu dabaraly çärä ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary,...
TÜRKMENISTAN BILEN ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK BOÝUNÇA MAGLUMAT
2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisiniň çäklerinde döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň häzirki wezipeleri barada hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler we ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ilkinji nobatda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we me...
AŞGABATDA HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLYKLYK ETMEGINDE DÖWLET MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan Döwlet Maslahaty geçirildi. Watanymyzyň durmuşynda şanly waka bolan umumymilli forumyň gün tertibine şu döwürde gazanylan üstünlikleriň netijelerini jemlemek, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi. Ir bilen döwlet Başt...