TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET NEBIT MINISTRINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň — Prezident Arif Alwiniň hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarifiň salamyny hem-de türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnet...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI AÇYLDY
2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň iki günlük sergisi öz işine başlady. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara gurama...
«TÜRKMENISTANYŇ HALKARA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY: GAZANYLAN TEJRIBE WE ÖSÜŞIŇ GELJEGI» ATLY HALKARA MASLAHATY
2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy: gazanylan tejribe we ösüşiň geljegi» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor–mugallymlary, talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. M...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI SLOWENIÝANYŇ DIM-NIŇ DÖWLET SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewanyň Sloweniýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Samuel Žbogar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasy, iki ýurduň BMG-de ileri tutýan ugurlary, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler, suw meseleleri we BMG-niň düzümlerindäki saýlawlar bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy....
BMG-NIŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA “DÖM PURSADY” ATLY ÝOKARY DEREJELI ÇÄRE GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti “DÖM pursady” atly ýokary derejeli çärä gatnaşdy. Çäre Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine itergi bermek maksady bilen gurnaldy. Çärä BMG-niň ýolbaşçylary, dünýä liderleri, Hoşniýetliligiň ilçileri, şeýle hem döwlet we hususy ulgamlaryň, akademiki toparlaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräni açmak bilen, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş häzirki wagtda dünýäde dürli gapma-garşylyklar we tebigy...
TÜRKMENISTAN HÄZIRKI DÖWRÜŇ ÄHLUMUMY MESELELERINIŇ ÇÖZGÜDI BOÝUNÇA TÄZE BAŞLANGYÇLARY ÖŇE SÜRÝÄR
Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu şanly baýram hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk döredijilik we ösüş syýasatynyň dabaralanmagynyň nyşany boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň belent münberinden öňe süren täze başlangyçlaryna beslenen geçen hepdäniň wakalary munuň aýdyň beýanydyr. Olar ýurdumyzyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligin...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler we sebitlerdäki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna görülýän taýýarlyk bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow...