TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ KIKBOKSING BOÝUNÇA MILLI ÝYGYNDY TOPARY V YSLAM RAÝDAŞLYGY OÝUNLARYNDA ALTY MEDAL EÝELEDILER
Türkmen kikboksçylary Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda medallaryň altysyny mynasyp boldular. Medallaryň 31 toplumy ugrunda full-kontakt (erkekleriň arasynda 10, zenanlaryň arasynda 6 agram derejede) we lou-kik (erkekleriň arasynda 11, zenanlaryň arasynda 4 agram derejede) geçirilen bäsleşiklerde kikboksçylaryň 14-isi Türkmenistana wekilçilik etdiler. Garşydaşyň aýaklaryna depilse-de, dyzyna we injigine depmek gadagan edilýän lou-kik görnüşinde ildeşlerim...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK DÖWLETLERIŇ HALKARA ULAG MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Aşgabatda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly habarçylar, şeýle hem milli habar b...
TÜRKMEN KEŞDELERI — MILLETIŇ BUÝSANJY
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde «Keşdeçileriň nagyşlary siňen nepislik» atly türkmen milli keşdelerine bagyşlanan sergi açyldy. Sergide goýlan işler iňňedir ýüpek sapaklar arkaly islendik zady gül-gunçaly baglara we çemenzarlyklara öwürýän türkmen keşdeçileriniň özboluşly el işleriniň gözelligini görkezýär. Nesilden nesle geçip gelýän keşdeçilik halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Zenan lybasy hökmünde giňden ýaýran kürte sergide esasy orun tutýar. Zenanlar ýaşyna...
MEDENIÝET TÄZE TARYHY DÖWÜRDE TÜRKMENISTANYŇ ÖSÜŞINIŇ RUHY BINÝADYDYR
Medeniýet giň, taryhy we filosofik manyda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiniň binýat goýujy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Berkararlyk gadymy döwürlerden bäri türkmen halky üçin durnuklylygy, agzybirligi, ruhy bitewüligi alamatlandyrýar. Beýik türkmen şahyrlary we akyldarlary ata Watanyň abadançylygyny, halkyň bagtyýarlygyny şu düşünjeler bilen baglanyşdyrypdyrlar. Asyrlaryň dowam...
TÜRKMEN DZÝUDOÇYLARY V YSLAM RAÝDAŞLYGY OÝUNLARYNDA ÜÇ BÜRÜNÇ MEDAL GAZANDYLAR
Türkiýäniň Konýa şäherinde türkmen türgenleri V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda dzýudo boýunça ýaryşlarda üç bürünç medal gazandylar. Maksatnamanyň şu görnüşinde gyzlaryň we erkekleriň agram derejeleriniň ýedisinde 36 ýurtdan 198 dzýudoçy 14 toplumda medallar ugrunda güýç synanyşdylar. Gyzlaryň bäsleşiginde Türkmenistanyň toparynda 63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden 20 ýaşly Zülhumar Daşgynowa üçünji orny eýeledi. Şu agramda Amina Belkadi (Alžir) çempion boldy. Seýma Ozerler (Tür...
BAKJA ÖNÜMLERINIŇ BOLÇULYGY DÖREDILÝÄR
Balkan welaýatynyň hasyl ussatlary ekin meýdanlaryndaky gawundyr garpyz hasylyny ýygnamak işlerini gowşamaýan depginlerde guramaçylykly dowam etdirýärler. Günbatar sebitiň Magtymguly etrabynyň bagbanlary nar, injir, hoz, Etrek etrabynyň bagbanlary bolsa zeýtun ýaly miweleri taýýarlamakda adygan bolsalar, Serdar, Bereket etraplarynyň daýhanlary bakja önümleriniň ençeme görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde baý iş tejribeler topladylar. Şu günlerde olaryň Garagum derýasynyň boýundaky ekerançyly...
ÜÇDEPE ÝAÝLASYNDAKY MIWELI BAGLAR
Daýhançylyk we bagbançylyk hem Marydaky «Miweli ülke» hususy kärhanasynyň alyp barýan köpugurly telekeçilik işleriniň täze, uly bähbitleri nazarlaýan şahasyna öwrüldi. Kärhananyň telekeçileri medeni zonadan 80 kilometr çemesi uzaklykdaky Wekilbazar etrabynyň Üçdepe ýaýlasynda 12 gektarda banan we sitrus miwelerini ýetişdirmeklige niýetlenen ýyladyşhananyň gurluşygyna girişdiler. Gurluşyga başlanan meýdan «Miweli ülkäniň» Türkmenistanyň Prezidentimiziň «Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyn...