TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KUBA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese Gawana şäherindäki “Saratoga” myhmanhanasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan e...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PERU RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Peru Respublikasynyň Prezidenti Pedro Kastilo hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Peru Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyn...
TÜRKMEN KOMPANIÝASY “HAZYNA” NYŞANLY TÄZE AZYK ÖNÜMLERINIŇ ÖNÜMÇILIGINIŇ ÝOLA GOÝDY
“Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň aprel aýynda täze önümçiligi ýola goýdy. Täze önüm bolan spred (mesge) ýagy pagta çigidinden alynýan ýagy gaýtadan işlemek arkaly öndürilýär. “Hazyna” nyşany bilen öndürilip başlanan mesge ýagy 200 gramlyk, 5, 10, 20 kilogramlyk gaplara gaplanylýar. Şeýle hem hojalyk jemgyýeti tarapyndan raps ýagynyň önümçiliginiň ýola goýlandygyny hem bellemek gerek. Ekologiýa taýdan arassalygy, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan raps ýagy hem “Hazyna” nyşany bilen 1 l...
BEÝIK ÝEŇIŞIŇ 77 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALAR
Ýeňiş gününiň öň ýanynda paýtagtymyzyň häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ad...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ÝB-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Aşgabat bilen Brýusseliň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyg...
URUŞ WETERANLARYNA, ŞEÝLE HEM URUŞDA WEPAT BOLAN ESGERIŇ ÝANÝOLDAŞYNA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNDAN SOWGATLAR GOWŞURYLAR
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde bitirýän hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesine garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň başy...