TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE BEÝIK BRITANIÝA:ÖNJEÝLI HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLY
2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde, paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda meşhur britan tebigatçysy ser Dewid Attenboronyň “Biziň planetamyzdaky ýaşaýyş” atly dokumental filminiň görkezilişi boldy. Çärede Beýik Britaniýanyň Ilçisi hanym Lýusiýa Uaýld söz sözläp, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň aýawly...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ DÖRDÜNJI AZIÝA — ÝUWAŞ UMMAN SUW SAMMITINE GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň çagyrmagy boýunça sanly ulgam arkaly dördünji Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitine (APWS) gatnaşdy. Bu duşuşyk köptaraplaýyn pikir alyşmak, suw meselesini ara alyp maslahatlaşyp hem-de hyzmatdaşlyk edip, bu möhüm ulgamda täzeçil pikirlere we nou-haulara badalga bermek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Kumamoto şäherindäki nobatdaky sammitiň esasy meselesi “Suw durnukly ösüş üçin: öňdebaryjy tejribeler we g...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MONGOLIÝANYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenista...
TÜRKMENISTAN — RUSSIÝA FEDERASIÝASY: DOSTLUK WE HYZMATDAŞLYK HAKYNDA ŞERTNAMA 20 ÝYL
Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmeginiň şu ýylda 20 ýyllygyny belleýän Türkmenistany hem-de Russiýa Federasiýasyny dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde depginli ösdürilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu şanly sene mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine iberen hatynda belleýşi ýaly, geçen döwür Şertnamany...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe meselelere hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerinden ugur alyp, o...
AŞGABATDA KONKUR BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILDI
Aşgabadyň atçylyk sporty toplumynyň açyk manežinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryş geçirildi. Ir säherden tomaşaçylar münberi doldurdylar. Sebäbi konkur atçylyk sportynyň gyzykly görnüşi. Aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köpüsi ýakyn aralykdan ahalteke bedewleriniň güýjüne, owadanlygyna we nepisligine ýakyndan syn etmek üçin ýaryşlara tomaşa etmäge ýygnandylar. Ýaryşdan öňünçä çapyksuwarlar kiçi türgenelşik a...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝAPONIÝANYŇ ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün, 22-nji aprelde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda diplomatlar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Döwlet Baştutanlarynyň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan Gutlag hatlaryny alyşdylar. Ministr şeýle-de, 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde geçir...