RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda başlanan täze, 2022-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, bilim ministri we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuşa geçirilýän özgertmeleri amala aşyrmak boýunça meselelere garaldy. Şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksat...

DOWAMY
pic
10 Ýan

EÝRANYŇ MILLI TELEWIDENIÝESINDE «DOGANLYK DÖWLETE SYÝAHAT» ATLY TÄZE FILM GÖRKEZILDI

Ýakynda Eýranyň IRIB TV3 milli teleýaýlymy YHG-e (Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna) agza-döwlet Baştutanlarynyň Aşgabatda geçen sammitine we oňa Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň ýolbaşçylygyndaky Eýran wekiliýetiniň gatnaşmagyna bagyşlanan «Doganlyk döwlete syýahat» («سفر به سرزمین خویشاوند») atly täze filmi ilkinji gezek görkezdi. Geçen ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda YHG-niň sammiti çäginde geçirilýän çäreleri metbugatda ýaýmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň köpç...

DOWAMY
pic
9 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETI TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

Şu gün, 9-njy ýanwarda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdiler. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň...

DOWAMY
pic
8 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ EÝRANA SAPARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, şu ýylyň 8-9-njy ýanwarynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça iş duşuşyklaryny geçirmek üçin Hökümet wekiliýeti Tähran şäherine iş saparyny amala aşyrýar. Şu gün, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýet...

DOWAMY
pic
8 Ýan

TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHLI UGURLARY BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSDÜRILMEGINE YGRARLYDYRLAR

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary Owganystanda iş saparda bolýar. Şu gün, 8-nji ýanwarda, Türkmenistanyň wekiliýet agzalary ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafi, Daşary işler ministriň orunbasary Şer Mohammad Abbas Stanikzaý, Magdan we nebit önümleri ministri Şahabuddin Delewar, Oba hojalyk, suwaryş we maldarçylyk ministriniň orunbasary M...

DOWAMY
pic
6 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

Şu gün, 6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Ilçisine Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi mynasybetli HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň adyna ýazan hatyny gowşurdy. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992...

DOWAMY
pic
5 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE DÖREDEN «JAN WATANYM TÜRKMENISTAN!» ATLY GOŞGUSYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylary we işgärleri, professor-mugallymlar we talyplar hem-de milli habar beriş serşdeleriň wekilleri gat...

DOWAMY