TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI UGRATDY
Şu gün, 14-nji dekabrda Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy. Mälim bolşy ýaly, Hökümetimiziň şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi hakynda Buýruga gol çekdi. Bu resminama «goňşy Owganystana ykdysady, durmuş hem ynsanperwer ugurlarynda ýardam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermek bab...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK FORUMYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN TEGELEK-STOL GEÇIRILDI
Şu gün, 14-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde 2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Hökümetiniň giňeldilen mejlisiniň, şeýle-de 11-nji dekabrda türkmen paýtagtynda geçen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň jemlerine bagyşlanan tegelek-stol guraldy. Duşuşyga ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanal...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 26 ýyllygy bilen gutlady hem-de parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ýöredýän Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürilmegi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BITARAPLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün türkmenistanlylar Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny kabul etmeginiň 26 ýyllygyny belleýärler. Bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Baş şäherimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda halkymyzyň belent binýatlaýyn ýörelgeleriniň — parahatçylyk söýüjiligiň, hoşmeýilliligiň he...
WATANYMYZYŇ BITARAPLYGYNYŇ ŞANYNA DÖREDIJILIK SOWGADY
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Medeni diplomatiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Ol halklaryň arasynda parahatçylyk, özara düşünişmek, hormat goýmak esasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orna eýedir....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «DÖWLETARA GATNAŞYKLARYNDA YNANYŞMAGYŇ DIKELDILMEGI AÝRATYN DERWAÝYSLYGA EÝE BOLÝAR»
11-nji dekabrda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň halkymyzyň häzirki hakykatyna hem-de köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň berk kepilligi bolup hyzmat edýän, halkara ykdysady we syýasy prosesleriň oňyn ösüşine täsirini ýetirýän ähmiýetli şert bolup çykyş edýän türkmen Bi...
TÜRKMENISTAN – ASTRAHAN: ULAG-LOGISTIKA HYZMATDAŞLYGY
Türkmensitanyň Prezidentiniň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen Aşgabatda geçirilen gepleşiklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiligini ulanmak we Russiýanyň Olýa portunda yzygiderli ýolagçy-ýük gatnawlaryny ýola goýmak, Astrahan oblastynyň portunda Türkmensitanyň logistika merkezini döretmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Logistika merkezini döretmeklige degişli ylalaşyklar Astrahan oblastynyň gubernatorynyň Türkmenistanyň Ministler Kabinetini...