SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN ÝB BILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA SYÝASY WE HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI DIALOGA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýusselde geçirilen syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça "Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa" ýokary derejeli Dialogyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy. Gepleşik wagtynda taraplar sebitleýin we global durnuklylygyň möhüm meseleleri boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler, hususan-da, umumy howpsuzlyk meseleleri, şol sanda Owganystandaky ýagdaý barada pikir a...
BRÝUSSELE SAPARYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA GURAMALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN BIRNÄÇE DUŞUŞYKLARY GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussel şäherine saparynyň çäklerinde 16-njy maýda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş sekretary jenap Kunio Mikuriýa, Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň Baş sekretary jenap Gi Lens, şeýle hem Ýewropanyň Daşary gatnaşyklar gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, sebit hyzmatdaşlygy we ÝHHG boýunça dolandyryjy müdiri jenap Maýkl Zibert bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary g...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MALAÝZIÝANYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Geçen ýyllaryň...
WENADA AHALTEKE BEDEWLERINE BAGYŞLANAN HALKARA WEBINAR GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Awstriýadaky Ilçihanasy Türkmen-Awstriýa Jemgyýeti bilen bilelikde Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30-ýyllygyna bagyşlanan “Ahalteke bedewleri – Türkmen halkynyň ganatlarydyr” ady bilen Halkara webinar geçirdi. Ahalteke bedewlerine bagyşlanan webinara Awstriýanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Awstriýa, Wengriýa, Fransiýa ýaly ýurtlaryň Ahalteke bedewleriniň janköýerleri...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BAE-NYŇ DAŞARY IŞLER WE HALKARA HYZMATDAŞLYK MINISTRLIGINIŇ DÖWLET MINISTRI BILEN IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSÜŞINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2022-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-nyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýegiň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Raşid Mereow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeih Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň aradan çykandygy sebäpli çuňňur gynanjyny beýan etdi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň ýokary ýolbaşçylarynyň arasynda ynamly gatnaşyklaryň ýoka...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda hem-de welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda aln...
KÖPTARAPLAÝYN TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda şu gün bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda ýakynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň netijeleri barada gürrüň edildi. Özbek Lideri hormatly Arkadagymyzy bu forumlaryň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, iň ýokary we beýleki derejelerdäki...