SOŇKY HABARLAR
ÝURDUMYZYŇ TELEKEÇILERINIŇ TÄZE ÖNÜMLERI
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşmesiniň (TSTB) metbugat merkeziniň habar bermegine görä, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň şöhlat öndürýän kärhanasynda täze önümiň – ýokary hilli buglanan sygyr etiniň önümçiligi ýola goýuldy. Täze önüm “Kuwwatly” söwda nyşany bilen 425 gram göwrümli bankalarda gaplanýar. Ösen Ýewropa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada bir gije-gündizde 100 kilogram ýokary hilli buglanan et öndürilip, ýurdumyzyň söwda merkezlerine ugradylýar. Telek...
MEŞHUR ÝAPON TELESERIALY ÝAÝLYMDA
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde Ýaponiýanyň Ilçisi Hiroýuki Ýamamotonyň «Goçiso-san» (Bereket bersin!) atly teserialyny ýaýlyma bermek üçin, Komitetiň başlygyna wideo materiallary gowşurmak dabarasy bolup geçdi. Ýapon tarapyndan berlen bu filmiň şu tomusdan başlap Türkmenistanda giň tomaşaçylar köpçüligine hödürlenmegine garaşylýar. «Goçiso-san» 2013-2014-nji ýyllarda Ýaponiýanyň ähli künjeginde ýaýlyma berlen meşhur teleserial b...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de olaryň işiniň ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de p...
HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGY BARADAKY ALADA DÖWLET SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRUDYR
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 29-njy aprelde geçirilen mejlisinde tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän t...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersoga Ysraýyl Döwletiniň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Ishak Gersoga berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, ysraýyl halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi we pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de pursatdan peýda...