TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ SSE-NYŇ HEM-DE ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNYŇ-GDA-NYŇ/GRUZIÝANYŇ BIRLEŞEN SÖWDA EDARASYNYŇ ARASYNDA IŞEWÜRLIK-FORUMY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň-GDA-nyň/Gruziýanyň Birleşen söwda edarasynyň (BSE) arasynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly işewürlik-forumy guraldy. Türkmen tarapyndan forumyň işine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, şeýle-de...
TÜRKMEN-RUSSIÝA YKDYSADY FORUMY
Şu gün sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi. Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan bu çäre bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezide...
ÝURDUMYZ POMIDORYŇ RUSSIÝA EKSPORTYNY IKI ESSE ARTDYRDY
Eziz Diýarymyz ýyladyşhana ýetişdirilýän pomidorynyň Russiýa eksportyny iki esse artdyrdy. «East Fruit» maglumat seljeriş meýdançasynyň bilermenleriniň maglumatyna görä, 2021-nji ýylda Russiýa getirilýän ýyladyşhana pomidorynyň möçberiniň yzygiderli azalýan döwründe Türkmenistanyň bu bazara «girmegi» şu ýyl üçin hakyky täsinlik boldy. 2021-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda Türkmenistan Russiýa eýýäm 32 müň tonna ýyladyşhana pomidoryny eksport etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşd...
DEMIR ÝOLLAR TÄZELENÝÄR
?Türkmendemirýollary» AGPJ-niň ýol abatlaýyş toparlary demir ýoluň ýokarky bölegini düýpli abatlamak işini alyp barýarlar. Bamy-Bereket bekediniň çäginde könelen relsleri täzeler bilen çalyşmak işine girişildi. Bu ýerde ýakyn wagtlarda täze polat ýoluň ilkinji on kilometri çekiler. Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine barýan uly demirýol böleklerinde şu ýyl jemi elli kilometre golaý relsi çalyşmak meýilleşdirilýär. Köne ýoluň şonça aralygy geljek ýyl Aşgabatdan Türkmenabat şäherine barýan ýollarda-da...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI OWGANYSTAN BOÝUNÇA GEŇEŞMELERIŇ MOSKWA FORMATYNYŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Moskwada, RF-de Owganystan boýunça geňeşmeleriň Moskwa formatynyň mejlisi geçirildi. Çärä 10-dan gowrak döwletleriň wekilleri, şol sanda owgan hökümetiniň wekiliýeti hem gatnaşdylar. Moskwada geçirilýän nobatdaky foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow ýüzlenme bilen çykyş etdi. Nobatdaky köptaraplaýy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “LUKOÝL” AÇYK PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi. Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň işewür toparlarynyň, hususan-da, ýolbaşçylyk edýän nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “RÖNESANS HOLDING” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň birnäçe wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi, ähli türkmen halkyny döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesi bilen gutlady hem-de belent halkara abraýa eýe bola...