SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
19-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen gepleşik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklar we sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň yzygider depgini nygtaldy. Energetika pudagy iki ýurduň arasynd...
«HINDISTAN - MERKEZI AZIÝA» DIALOGYNYŇ MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «DIALOG — PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI» BAŞLANGYJYNYŇ DERWAÝYSLYGY NYGTALDY
2021-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde «Hindistan - Merkezi Aziýa» Dialogynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Forumyň çäklerinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «Hindistan - Merkezi Aziýa» Dialogynyň hereketiniň has hem kämilleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtady. Hususan hem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hindistan bilen syýasy ugurly özara hereketleriniň täze formatynyň ygtybarly institusional esaslarynyň döredilmegine gönükdirilen taky...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «HINDISTAN – MERKEZI AZIÝA» DIALOGYNYŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI DUŞUŞYGA GATNAŞDY
Şu gün, 19-njy dekabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Delide (Hindistan) geçirilen «Hindistan – Merkezi Aziýa» Dialogynyň ministrler derejesindäki üçünji duşuşygynyň işine gatnaşdy. Duşuşyga Hindistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşy...
YSLAMABAT ŞÄHERINE SAPARYNYŇ DOWAMYNDA TÜRKMENISTNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI PAKISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
Şu gün, 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagtyna sapar bilen gitdi. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar...
HINDISTANDA GDA ÝURTLARYNYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY BELLENILDI
Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide GDA agza-ýurtlaryň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Arkalaşygyň agza-döwletleriniň diplomatik wekilhanalary bu çäräniň guramaçylary boldular. Hindistanyň Döwlet Daşary işler ministri Menakşi Lekhi dabaranyň myhmany boldy. «Biz halklarymyzyň arasyndaky ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin elimizden gelenini etmelidiris. Muny bolsa diňe birleşmek arkaly gazanyp bileris» – diýip, Menakşi Lekhi Hindistanyň Arkalaşygyň ähli ýurtl...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Milli Liderimiz gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän dü...
EÝRANYŇ PREZIDENTI DÖWLET BAŞTUTANYMYZY ÝURDUMYZYŇ BITARAPLYGYNYŇ 26 ÝYLLYGY BILEN GUTLADY
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhmedowy we türkmen halkyny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy bilen gutlady. Eýranyň Lideri döwlet Baştutanymyzyň adyna iberen hatynda Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny kabul etmek barada gelen kararyny dürli sebit we halkara forumlarynda goldan ilkinji ýurtlaryň biridigini belledi. «Eýran Yslam Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň dürli ugurlarda,...