SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, olaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de harby özgertmeleriň durmuş meseleleri girizildi. Milli Liderimiz mejlisi açyp, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetin...
GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2-nji dekabrda Moskwada, Ýewraziýa Kongresiniň çäginde GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň şu ýylyň iň soňky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýew gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşanlar GDA-nyň çäginde ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar we birnäçe resminamalaryň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugynyň habarynda bu komitetiň Ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri...
AŞGABAT SAMMITI DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Şu ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde üstünlikli geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti ýurdumyzyň başlangyjy boýunça yglan edilen 2021-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy syýasy wakalarynyň birine öwrüldi. Geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşýän döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirilen duşuşygy dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly gyzyklanmalary...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞANBEDE GEÇIRILEN «MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ 14-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Duşanbe şäherinde Daşary işler ministrler derejesinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy 14-nji mejlisi geçirildi. Forumyň işine «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşyjy-ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Özara hereketleriň dört sany ýörite ugry: tokaý hojalygy, «ýaşyl» energetika, saglygy goraýyş we...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DUŞANBE ŞÄHERINDE IŞJEŇ DUŞUŞYKLARYŇ BIRNÄÇESINI GEÇIRDI
Şu gün, 30-njy noýabrda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumynyň 14-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar golaýda türkmen paýtagtynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji Sammitiniň netijelerini...
AŞGABATDA «PARAHATÇYLYGYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA WEBINARY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinary geçirildi. Webinara dünýäniň 15 ýurdundan 40-dan gowrak medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topar...
YHG-NYŇ 15-NJI SAMMITINIŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GURALDY
2021-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabadyň “Garagum” otelinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Birifinge Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary we işgärleri, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen žurnalistler, şeýle hem daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň başynda Ykdysady Hyz...