TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
ÝURDUMYZYŇ WE JEMGYÝETIMIZIŇ ÖSÜŞINE GOŞANT GOŞANLARA WATANYŇ SYLAGLARY
Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tapawutlanan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleriniň işgärlerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ata Wat...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GOL ÇEKEN RESMINAMALARY
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, raýatlaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen netijeli öňüni alyş çärelerini amala aşyrmak hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraý...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI
Şu gün, 26-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen ikitaraplaýyn duşuşygy meýilleşdirilýär. Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşar....
AWTOBUSLAR - ULAG DÜZÜMLERINIŇ MÖHÜM BÖLEGIDIR
Türkmenistanda awtomobil ulagy – halk hojalygynyň wajyp pudaklarynyň biridir. Desgalaryň, edara-kärhanalaryň, oba-şäherleriň işiniň gidişi köp babatda olaryň ygtybarly we takyk işine baglydyr. Şäher awtobuslary ýaly köpçülik ulaglary sebitiň umumy ykdysady ösüşiniň we şäher awtoulaglarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagynyň derejesini görkezýär. Aşgabatda Mercedes, Hundai, Iran Hodro, Folkswagen beýleki belli kompaniýalaryň 20-ä golaýynyň awtobuslary ýolagçylary bökdençsiz gatnatmakda ulany...
TÜRKMENISTANYŇ GÜMRÜK EDARALARYNA «ASYCUDA WORLD» MAGLUMATLAR ULGAMY ORNAŞDYRYLDY
Türkmenistanyň gümrük edaralaryna sanly ulgam — UNCTAD guramasynda taýýarlanan integrirlenen «ASYCUDA World» gümrük maglumatlar ulgamy ornaşdyryldy. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň esasy gurallarynyň biri bolan tehnologik özgertmeleri kuwwatly badalga aldy, sanly ulgam we maglumatlar tehnologiýalary pudaklaryň ählisinde, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işine hem ornaşdyryldy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň internet portalynyň habaryna görä, ýurdum...
NAMAZGADEPÄNIŇ BELENT BAÝRY
Kaka şäheriniň golaýyndaky düzlükde ýerleşýän, Köpetdagyň etegindäki belli arheologiýa ýadygärlikleri — Namazgadepe bilen Abiwerdiň arasy iki kilometre-de ýetenok. Ýöne olaryň arasynda iki müň ýyldan gowrak taryhy döwür ýatyr. VII asyrda bu ýerde Abiwerd atly iri orta asyr şäheri dörände meýdany elli gektardan gowrak, beýikligi 20 metrden geçýän beýik depesi bolan gadymy şäherden ne at, ne nyşan galypdyr. Häzirem ol alysdan seleňläp dur. Namazga Günorta Türkmenistanda mis-daş eýýamynyň iň iri...
TEBIGATYŇ JADYLAÝJY MANZARALARY WE AJAÝYP ÝADYGÄRLIKLERI: MUMYÝA DAG JÜLGELERINIŇ TEBIGY SOWGADYDYR
Gadymy lukmançylygyň tebigy derman serişdesi mumyýa häzirki döwürde-de özüniň gymmatyny ýitirenok. Onuň dürli ady bar: “dag mumy”, “dag melhemi”, “gaýa deri” we ş. m. Maddanyň himiki we spektral derňewi onuň düzüminde mikroelementleriň (esasanam, kremniniň, alýuminiň, demriň, kalsiniň, marganesiň, magniniň, gurşunyň, titanyň, nikeliň), şeýle hem dürli aminokislotalaryň baý toplumynyň bardygyny görkezdi. “Mumyýa” adynyň gelip çykyşy henize çenli anyk belli däl. Grek dilinden terjime edilende,...