SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENBAŞYDAKY NEBITI GAÝTADAN IŞLEÝÄN ZAWODLAR TOPLUMYNYŇ ÖNÜMLERI DAŞARY ÝURTLY ALYJYLARDA ULY GYZYKLANMA DÖREDÝÄR
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Şotlandiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet...
TÜRKMENISTANDA FRANSUZ DILI BOÝUNÇA OLIMPIADA GEÇIRILER
Her ýyl yklymlaryň bäşisiniň-de fransuz dilinde gürleýän ilaty Frankofoniýa Halkara gününi belleýär. Şu ýyl Frankofoniýa bäsleşikleri bilen birlikde Türkmenistandaky Fransiýa instituty ikinji ýyl fransuz dili boýunça Olimpiada geçirer. Oňa türkmen mekdeplerinde we Fransiýa instutynda fransuz dilini öwrenýän okuwçylar (çagalar/ýetginjekler) gatnaşyp bilerler. Olimpiada iki tapgyrda, 2022-nji ýylyň aprel aýynyň dowamynda we ahyrynda geçiriler. Olimpiadanyň temasy «Syýahatçylyk açyşlar we başdan...
ÝURDUMYZDA ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 20-nji martynda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda ýazky bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Umumymilli bag ekiş çäresine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdylar. Dabara şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WEZIPÄ GIRIŞMEK DABARASYNDAKY ÇYKYŞY
Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy! Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary we deputatlar! Gadyrly watandaşlar! Hormatly myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, şu belent münberden size we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna ählihalk saýlawlarynda maňa bildiren ynamyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Bu saýlawlaryň netijesinde men Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandym. Mähriban halkymyň meni Türkmenistan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WEZIPÄ GIRIŞMEGI MYNASYBETLI DABARA
2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde dabara gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary, milli parlamentiň iki palatasynyň agzalary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ NEŞE SERIŞDELER BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ 65-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 14-18-nji martynda gibrid formatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy. Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar döwürde bu Komissiýanyň agzasy bolup durýar. Neşe serişdelerine gözegçilik etmekde we bu ugurda halkara borçnamalary ýerine ýetirmekde ýüze çykýan soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin 128 döwletden, 19 hökümet...
BAHREÝNIŇ PATYŞASY TÜRKMENISTANYŇ TÄZE SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY
2022-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti ýurdumyzda 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlary barada durup geçdi. Onuň jemleri boýunça türkmen döwletiniň...