TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
Dubaýda energetika ulgamynda türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabi Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar gaz pudagynda Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler. Taraplar häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýerine ýetirilişine garap, h...
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 3–5-nji fewraly aralygynda Dubaý şäherinde geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar. Sammitiň işine 30-dan gowrak döwlet we hökümet ýolbaşçylary, 150-ä golaý hökümet wekiliýeti, şeýle hem dünýä kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan, halkara maliýe guramalarynyň we bilim edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan jemi 6 m...
Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Rumyniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ion Nawalyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn saparlaryň, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerinde ýokary we iň ýokary derejedäki duşuşyklaryň gurnamagyň zerurdygyny belledile...
Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Hywa şäherinde Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň mejlisinde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary T.Atahallyýew, özbek tarapyna bolsa Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň oba hojalygyny ösdürmek meseleleri boýunça geňeşçisi Ş.Ganiýew ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň işine iki ýurduň suw serişdelerini dolandyrmak, irrigasiýa we daşky gurşawy goram...
German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harmsyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn dialogyň ýokary derejesini görkezýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösýändigini bellediler. Taraplar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkme...
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde iň ýokary derejedäki yzygiderli saparlara we duşuşyklara kesgitleýji ornuň degişlidigi nygtaldy. Russiý...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň gatnaşmagynda türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan dostlukly we ynanyşykly gatnaşyklaryň yzygider...