SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTAN AWAZADA GAZANYLAN YLALAŞYKLARYŇ ÝERINE ÝETIRILIŞINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministriň orunbasary we Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi. Söhbetdeşlikde ministrler ikitaraplaýyn gün tertibinde ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem iki döwletiň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçiriljek çäreleriň rejenamasyna garadylar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, tara...
MILLI YKDYSADYÝETLERIŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERI
Merkezi Azia döwletleriniň Baştutanlarynyň golaýda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Konsultatiw duşuşygynda kabul eden maliýe ulgamyny we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge degişli çözgütleri türkmenistanly senagatçylarda we telekeçilerde işe has yhlasly çemeleşmäge höwes döretdi. Döwlet Baştutanlary duşuşykda sebitde ýerleşýän ýurtlaryň bäştaraplaýyn Senagatçylar we telekeçiler geňeşini döretmegiň zerurlygyny beýan etdiler. Sammitiň jemleýji resminamasynda: «Täze kollegial e...
“GÜNDOGAR ŞÖHLESI” HJ-NIŇ TÄZE ÖNÜMI
Ýurdumyzyň mekdep bazarlaryna topukçaly syýagalamlaryň täze görnüşleri satuwa çykaryldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzasy, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda ýerleşýän “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti gündelik ýazuw işleri üçin niýetlenen durmuş esbaplarynyň köpçülikleýin önümçiligini özleşdirdi. Bu topukçaly syýagalamlaryň geň tarapy olaryň içinde syýadanyň ýoklugydyr. Bu ýazuw esbaby ýasalanda, syýa gönüden-göni onuň göwdesiniň içine guýulýar-da, gapak dakyl...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA YNSANPERWER KÖMEGI IBERILER
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkiýe Respublikasynda ýangyn sebäpli ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy. Şeýle hem Daşary işler ministr...
USSAT NAKGAŞLARYŇ SERGISI
Şekillendiriş sungaty müzeýinde deň-duş nakgaşlaryň ikisiniň – Jumadurdy Bekdurdyýewiň we Robert Hakimowyň işleriniň sergisi açyldy. Olaryň ikisi hem 1941-nji ýylda doglan. Bu zehinli nakgaşlaryň döredijiligine uly üns berilýär. Olaryň ikisem Türkmen döwlet çeperçilik üçilişesinde şol bir mugallymdan tälim aldylar. Olar öz döwrüniň, olary belli bir çäkde saklan sosrealizm ugrunyň güýçli wekilleridir. Sergi Jumadurdy Bekdurdyýewiň awtoportretinden başlanýar. Tomaşaçylara onuň türkm...
EKSPORT ARTÝAR, IŞ ÝERLERI DÖREDILÝÄR
Şu ýyl ýurduň telekeçileri tarapyndan döredilen täze ýyladyşhanalarda dört ýüz iş orny döredildi. Oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdiriljek täze jaýlaryň meýdany 35 gektar artdy. Innowasion tehnologiýalar bu meýdanlarda ýylda 11 müň tonnadan gowrak gök önüm ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Telekeçiler tarapyndan ýurduň ähli welaýatlarynda gurlan alty sany häzirki zaman ýyladyşhana hojalygy öňden işläp gelýänleriň hataryna goşuldy. Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplaryndaky...
“AHAL” AFK-2021 KUBOGY UGRUNDAKY ÝARYŞYŇ ZOLAKLAÝYN FINALYNA TAÝÝARLYGYNY TAMAMLAÝAR
“Ahalyň” futbolçylary AFK-2021 kubogy ugrundaky ýaryşyň 25-nji awgustda Özbegistanyň “Nasaf” topary bilen Karşy şäherinde garşydaşyň meýdançasynda geçiriljek zolaklaýyn tamamlaýjy tapgyryna taýýarlygyň çäginde Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysy bilen (23 ýaşa çenli) iki synag oýnuny geçirdi. “Ýaşlar topary” bilen geçirilen ilkinji duşuşykda “Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň topary 3 : 1 hasaby bilen ýeňiş gazandy, ikinjisinde bolsa 2 : 2 hasaby bilen deňme-deň oýnady. “Ahal” şu ýy...