img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Iýul

MILLI LIDERIMIZ BALKAN WELAÝATYNDA TÄZE DESGALARYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK WE AÇYLYŞ DABARALARYNA GATNAŞDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de welaýat merkezi Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Milli Liderimiz Aşgabadyň Halkara howa menzilinden dikuçarda ulag düzüminiň geljekki desgasynyň guruljak ýerine geldi. “Ýedi ýoluň çatrygy” diýlip atlandyrylan Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýoly geçipdir....

DOWAMY
pic
13 Iýul

TÜRKMENISTAN WE HHR STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi. Işjeň ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi nygtaldy. Türkmenistanyň we Hytaýyň sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şonuň ýaly-da ikitaraplaýyn gün tertibine hem-de sebit we halkara...

DOWAMY
pic
13 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna boljak iş saparyna taýýarlyk çäreleriniň maksatnamasyna garaldy. Mejlisiň dowamynda Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de Balkanabatda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we onuň ýanynda 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk baradaky hasabatlar diňlenildi we başga-da birnäçe mese...

DOWAMY
pic
12 Iýul

HYTAÝYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ AŞGABADA RESMI SAPARY

2021-nji ýylyň 12-nji iýulynda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde ýurduň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň, şeýle-de iki ýurduň DIM-niň arasynda syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilendir. Şunlukda, 12-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaý...

DOWAMY
pic
11 Iýul

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Soňky günlerde rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýa gatnaşykda barlanylmadyk we ygtybarly bolmadyk habarlar ýaýradylýar. Hususan-da, RBK (РБК) teleýaýlymy tarapyndan, göýä Türkmenistanyň Owganystan bilen serhedine harby tehnikasyny we artileriýasyny çekýändigi babatyndaky hakykata laýyk gelmeýän maglumat ýaýradyldy, bu bolsa ýeňil şöhrata kowalaşylan wagtynda galp habardan başga zady aňladýan däldir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň...

DOWAMY
pic
9 Iýul

TÜRKMENISTAN WE GYRGYZYSTAN IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY IŞJEŇ ÖSDÜRÝÄR

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň adyndan hat gelip gowuşdy. Hatda Gyrgyzystanyň Baştutanynyň golaýda Aşgabada bolan resmi saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Şunlukda hatda şeýle diýilýär: «Saparyň çäklerinde guralan çäreleriň, hususan-da, Siziň bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeli hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçmegi gyrgyz-türkmen doganlyk gatnaşyklaryny...

DOWAMY
pic
9 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI KUWEÝT DÖWLETINIŇ PREMÝER-MINISTRINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministri Şeýh Sabah Halid Al-Hamad Al-Sabaha Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki (oturýan ýeri Abu-Dabi ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabara Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Köşgünde geçirildi. Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministrine Türkmenistanyň Prezi...

DOWAMY