SOŇKY HABARLAR
«TÜRKMENISTAN – ÝEWROPA BILELEŞIGI» ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA DIALOGYŇ 13-NJI MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-iň edara binasynda wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça Dialogyň 13-nji mejlisi geçirildi. «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça Dialogyň nobatdaky tapgyry Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisiniň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adam hukuklary we ynsanperwer hukugy ulgamynda Ýewropa Bileleşigi hem-de halkara inst...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 4-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr iş sapary bilen Aşgabada geldi. Şu gün, 5-nji iýulda jenap Wolkan Bozkyr Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Soňra Türkmenistanyň DIM-de Wolkan Bozkyryň baştutanlygyndaky BMG-niň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bil...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr bilen duşuşdy. Ýokary wezipeli myhman döwlet Baştutanymyz bilen salamlaşyp hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde halkara gatnaşyklarda işjeň orny eýeleýändigini, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygy...
2022-NJI ÝYLDA GDA-DA HALK DÖREDIJILIGI WE MEDENI MIRAS ÝYLYNY GEÇIRMEK BOÝUNÇA EDILMELI IŞLERIŇ MEÝILNAMASYNYŇ TASLAMASY TASSYKLANDY
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň bilermenleri 2022-nji ýylda GDA-da Halk döredijiligi we medeni miras ýylyny geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynyň taslamasy babatynda ylalaşdylar. Bilermenler toparynyň mejlisine Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan, GDA-da Parlamentara Assambliýasyna degişli Geňeşiniň sekretariaty, Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gaznasy we Arkalaşygyň Ýerine ýetirij...
EÝRANYŇ EYZ-LARY TÜRKMENISTAN BILEN SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARY GIŇELTMEGI GÖZ ÖŇÜNDE TUTÝARLAR
Eýranyň Erkin we ýörite aýratyn ykdysady zolaklary Türkmenistan bilen söwda-ykdysady, şol sanda serhetýaka söwda ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegi hem-de giňeltmegi göz öňünde tutýarlar. EYR-nyň Daşary söwda gözegçilik barada komiteti tassyklandan soň Sarags Aýratyn (erkin) ykdysady zolagynda (Sarakhs Special Economic Zone) Türkmenistan bilen, aýratyn-da iki ýurduň we sebitiň ýurtlarynyň Erkin (aýratyn) ykdysady zolaklarynda hyzmatdaşlyk ulgamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady b...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY ÖZARA HEREKETLERIŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara hereketleriň häzirki meselelerini, şeýle-de ýokary syýasy derejede gazanylan bilelikdäki ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki ýurduň DIM-niň ugry boýunça işjeň häsiýete eýe bolan özara hereketleriň dowam edilmeginiň,...
TÜRKMENISTAN ÝEWROPA BILELEŞIGI BILEN HYZMATDAŞLYGY GIŇELDÝÄR
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürýär. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredow hökümet mejlisinde wideo aragatnaşygy arkaly gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ikitaraplaýyn resminamalaryň çäginde ýygnaklar we maslahatlar, hususan-da, Türkmenistan – Ýewropa Bileleşiginiň Bilelikdäki we Mejlisara komi...