TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
KHBS ÜÇIN HABAR
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň wise-premýeri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapynyň başlygy Alekseý Owerçuk bilen telefon arkaly gepleşigi boldy. Gürrüňdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň şu ýylyň 12-nji maýynda bolan telefon arkaly söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça gazanylan yla...
BITARAPLYGYŇ MEKANYNYŇ DÜRLI ÖWÜŞGINLI KEŞBI — DÜNÝÄNIŇ FOTOSURATÇYLARYNYŇ IŞLERINDE
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergi hem-de maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň taryhynda şanly senä — Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp guralan sergide ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň suratkeşleriniň, fotosuratçylarynyň hem-de habarçylarynyň işleri görkezildi. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri,...
TÄZE NEŞIRLER: BITARAPLYK DEREJESI DURMUŞ-YKDYSADY NUKDAÝNAZARDAN
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň binasynda şanly senä — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan täze neşirleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dürli edaralar tarapyndan taýýarlanylan kitaplaryň bu tapgyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady hem-de daşary syýasy strategiýasynyň, umumymilli hem-de pudaklaýyn maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy, ýurdumyzyň durmuşynyň ol ýa-da beýleki ulgamynda – senagatdan başlap, sungata çenli ugurlarda h...
SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ AGZALARYNYŇ UMUMY ÝYGNAGY
Şu gün Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy ýygnagy geçirildi. Onda ýurdumyzda hususy işewürligi mundan beýläk-de ösdürmegiň häzirki wagtdaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Umumy ýygnakda şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy, oňa laýyklykda, D.Hudaýberdiýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy wezipesine saýlanyldy. Ýygnagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň telekeçilerini h...
ÝADRO SYNAGLARYŇ HEMMETARAPLAÝYN GADAGAN EDILMEGI HAKYNDAKY ŞERTNAMA GURAMASYNYŇ TAÝÝARLYK TOPARYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň (ÝSHGehŞG) Taýýarlyk toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝSHGehŞG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan hem ýaragsyzlanmak we ýaýratmazlyk meseleleri babatynda Türkmenistanyň daşary syýasat...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÖZBEGISTANYŇ WISE-PREMÝERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri S.Umurzakow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk sanly wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara g...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25-ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN NEŞIRLERIŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan we döwletimiziň şol döwrüň içinde gazanan üstünliklerini beýan edýän neşirleriň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň metbugat attaşeleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we p...