RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
6 Maý

ÝHHG-NIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN WIDEOKONFERENSIÝA GÖRNÜŞINDE GEPLEŞIK

2020-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary T.Greminger bilen wideokonferensiýa görnüşinde duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň we ÝHHG-niň özarahereketleriniň iş ýüzündäki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan durmuş-ykdysady we ynsanperwer meseleleriniň çözülmegi babatyndaky tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurlygy nygtalyp geçildi. ÝHHG-niň Ba...

DOWAMY
pic
6 Maý

ULAG DAŞAMALARY WE GÜMRÜK GÖZEGÇILIGI UGURLARYNDA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA WIDEOMASLAHAT

2020-nji ýylyň 6-njy maýynda BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) wekilleri bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary, şol sanda, Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň we «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.   Wideomaslahatyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNKTAD hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi bilen ulg daşa...

DOWAMY
pic
6 Maý

BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ÝEWROPA SEBITI BOÝUNÇA EDARASY BILEN MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ MINISTRLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 6-njy maýynda BMG-niň Aşgabatdaky edarasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň sanly wideoaragtanşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyndan agzalan duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary we ministrligiň beýleki wekilleri, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň wekili gatnaşdy.  ...

DOWAMY
pic
6 Maý

GDA ÝURTLARYNYŇ HABARLAR AGENTLIKLERINIŇ BILELIKDÄKI TASLAMASYNDA – BEÝIK ÝEŇŞIŇ FOTOSURATLARDAKY TARYHYNYŇ BEÝANY

Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belorussiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldawiýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň habarlar agentlikleri Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň öň ýanynda bilelikdäki taslamany – faşizme garşy göreşde ýeňijileriň gahryman nesline bagyşlanan fotosuratlar sergisini görkezýärler. Sergidäki fotosuratlaryň her biri umumy duşmana garşy göreşen halklaryň başyna düşen agyr külpetleriň, pidalar yzasynyň we Ýeňiş şatlygynyň,...

DOWAMY
pic
5 Maý

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atadurdy Haldurdyýewiç Baýramow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Güýç Arçaýewiç Garaýew Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly wezipesine bellenildi. http://turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14239

DOWAMY
pic
5 Maý

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GÖÇME MEJLISI

Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlise gatnaşmaga Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň häkimleri, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy. Mejlisde ýurdumyzyň çäklerine koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin meýilleşdirilen...

DOWAMY
pic
5 Maý

TÜRKMENISTANDA ÖNDÜRILEN AZYK ÖNÜMLERI, HARYTLAR WE SERIŞDELER DOSTLUGYŇ NYŞANY HÖKMÜNDE RUSSIÝA UGRADYLDY

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen goňşuçylyk we dostlukly hyzmatdaşlykdan ugur alyp, şeýle hem özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanyp, Russiýa Federasiýasyna dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk nyşany hökmünde ýurdumyzda öndürilen önümleri bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine, Dokma senagaty ministrligine, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak mini...

DOWAMY