RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Maý

TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TÜRKMENISTANYŇ WE ERMENISTANYŇ KÜŞT BIRLEŞMELERINIŇ ARASYNDA WIDEKONFERENSIÝA

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň we Ermenistanyň küşt birleşmeleriniň arasynda widekonferensiýa geçirildi. Onlaýn-duşuşyga iki ýurduň küşt federasiýalarynyň we akademiýalarynyň wekilleri, küşt boýunça sport ussatlary, Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) halkara eminleri we tälimçileri, grossmeýsterler gatnaşdylar. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Milli Küşt Federasiýasynyň başlygy Myratdu...

DOWAMY
pic
3 Maý

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2020 — 2021-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resmina...

DOWAMY
pic
2 Maý

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler («Türkmensenagat» eksport-import APJ) karbamid satyn aldylar. Tüýjümek önümler we nah ýüplük Russiýanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň söwdalarynyň esasyny düzdi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 2 million 375 müň dollaryndan gowrak boldy....

DOWAMY
pic
2 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY GELIP GOWUŞDY

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermek mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Beýik Biribardan Size berk jan saglyk hem-de bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna we tutuş musulman ymmatyna abadançylyk, rowaçlyk hem-de gülläp ösüş dileg edýärin. Meniň mähirli gutlaglarymy we Size bolan dostluk hem-de çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalar...

DOWAMY
pic
2 Maý

TÜRKMENISTAN GOŇŞY OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERDI

2020-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 30-njy aprelde gol çekildi. Goňşy ýurduň Farýab welaýatynyň häkimi we wekilleri türkmen halkynyň adyndan ýollanan kömegi minnetdarlyk bilen kabul etdiler hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýürekden çykýan sag bolsunlaryny beýan e...

DOWAMY
pic
1 Maý

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ BAGTYÝAR ÇAGALARYNA HEM-DE HALKYNA

Mähriban halkym! Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri! Sizi jana şypaly tomus paslynyň nurana günlerinde dabaraly bellenýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň gül-gunçalary bolan körpe nesillerimiz baradaky aladalar biziň beýik geljegimize tarap ädýän buýsançly ädimlerimizdir. Şoňa görä-de, bu halkara baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň ähli halkymyzyň, aýratyn hem şadyýan körpelerimiziň kalbynda berkarar Wata...

DOWAMY
pic
1 Maý

RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine Balkan we Mary welaýatlarynyň etraplarynda önümçiligi we e...

DOWAMY