RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Apr

AWTOULAG ULGAMYNYŇ TEHNIKI BINÝADYNYŇ DÖWREBAPLAŞDYRYLYŞY GÜÝÇLENÝÄR

Ýurdumyza Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kama awtomobil zawodynda öndürilýän «KamAZ 6520» ýük awtoulaglarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Şol tehnikalar «Türkmenawtoulaglary» agentligine degişli kärhanalara paýlanyp berler we paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gurluşygy amala aşyrylýan iri desgalarda ulanylar. Ulag düzüminiň ösdürilmegi, awtomobil hem-de ulaglaryň beýleki görnüşleriniň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň...

DOWAMY
pic
29 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WE IRLANDIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministri Saýmon Kowniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Ministrler syýasy-diplomatik ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gün tertibiniň esasy meselelerine seredilip geçildi, şol sanda pandemiýanyň garşysyna gönükdirilen göreşde ýurtlaryň arasyndaky raýdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Dipl...

DOWAMY
pic
29 Apr

ÝADRO SYNAGLARYŇ HEMMETARAPLAÝYN GADAGAN EDILMEGI HAKYNDAKY ŞERTNAMA GURAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ TÜRKMEN TALYPLARY ÜÇIN LEKSIÝALARY

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary jenap Lassina Zerbonyň onlaýn-leksiýalary geçirildi. Diňleýjileriň arasynda ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instititutynyň talyplary bardyr. Jenap Lassina Zerbonyň wideo-leksiýalary indiki te...

DOWAMY
pic
29 Apr

TELEKEÇILIK MESELELERI BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-ASTRAHAN GEŇEŞINIŇ IKINJI MEJLISI

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Telekeçilik meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-Astrahan geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi.    Duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.    Mejlisiň barşynda Astrahan suw-ulag merkeziniň logistika mümkinçilikleri, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Olýa Hal...

DOWAMY
pic
29 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-GERMAN IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-german iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň wekilleri we german tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Naýthart Höfer-Wissing gatnaşdylar. Taraplar Türkmenistan bilen GFR-yň arasyndaky däp bo...

DOWAMY
pic
29 Apr

ÝDK BABATYNDA TÄZE STRATEGIÝANYŇ WE HEREKETLERIŇ MEÝILNAMASYNYŇ IŞLENILIP DÜZÜLMEGINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGY BOÝUNÇA WIDEOKONFERENSIÝA

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň wekilleri bilen Ýokanç däl keselleriniň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021-2030-njy ýyllary üçin täze strategiýanyň işlenilip düzülmeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça wideokonferensiýa geçirildi. Bu duşuşyk türkmen tarapynyň ýardam bermeginde BSG-nyň Türkmenistandaky  Ýurt boýunça edarasy tarapyndan guraldy. Onlaýn-duş...

DOWAMY
pic
28 Apr

AŞGABATLYLAR ÜÇIN GOLLIWUDYŇ MEŞHUR FILMLERINIŇ SAZLARY ÝAŇLANDY

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri saz muşdaklaryna ýatdan çykmajak aýdym-saz agşamyny peşgeş etdi. Geçen dynç günleri «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde ýaňlanan Golliwudyň meşhur filmlerine sazlar paýtagtly saz muşdaklaryna kino sungatynyň jadyly täsiri bilen geçen döwre syýahat etmäge we «Titanik» gämisinde bolmaga, Agent 007-niň syrlaryny bilmäge, Ikinji jahan urşunyň hasratyny duýmaga, «Ýyldyzlar urşunyň» şaýady bolmaga we Ýura döwrüniň seýilgähine baryp görmäge...

DOWAMY