SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Ýurdumyzyň çäklerini we oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri bilen bagly mejlise welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimleri hem çagyryldy. D...
MINSKDE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwa şäherindäki bölüminiň wekilleriniň hem wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmaklarynda geçirildi. Bu duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çärä GDA gatnaşyjy-döwletleriň Hemişelik Do...
TOKIODA TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 24-nji awgustynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Bitarap Türkmenistan: parahatçylygyň we rowaçlygyň girewidir” atly brifing geçirildi. Çärä Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk toparynyň ýapon böleginiň başlygy jenap Endo Toşiaki, bu toparyň sekretariatynyň ýolbaşçysy Matsuşita Şinpeý, şeýle-de Ýaponiýanyň Parlamentiniň, Daşary işler ministrliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingde çykyş eden Türkme...
HAÝWANLARYŇ SAGLYGYNY GORAMAK BOÝUNÇA BÜTINDÜNÝÄ GURAMASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY «TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI» ASSOSIASIÝASYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYRYLDY
Türkmenistanyň Fransiýadaky lçisi Şöhrat Jumaýew Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä Guramasynyň Baş direktory hanym Monik Elua we onuň geňeşçisi, doktor Romano Marabelli bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar haýwanlaryň arasynda ýokanç keselleriň köpçülikleýin ýaýramagynyň öňüni almak ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda Ilçi Ş. Jumaýew hanym Elua golaýda Türkmenistanda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýsynyň döredile...
ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGELERI SEBITIŇ ÝURTLARYNYŇ YKDYSADYÝETINIŇ ÖSÜŞINIŇ GIREWIDIR
Türkmenistanyň çäk babatda amatly ýerleşmegi ýurdumyzyň Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag ulgamy hökmündäki berkeýän derejesini şertlendirýär. Bu ulgamdaky bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri dolulygyna amala aşyrmaga çalyşýan ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Şeýl...
MINISTRLER DEREJESINDÄKI GEPLEŞIKLERIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-EÝRAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYNYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslaminiň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky işjeň häsiýete eýe bolan gepleşikleriň ýokary derejesini hem-de iki ýurduň baştutanlarynyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge bolan ygrarlylyklaryny nygtap geçdiler. Taraplar ikitaraplaýyn gü...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ AWSTRIÝANYŇ ILÇISI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Nur-Soltan ş.) Gerhard Saýller bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Ministr türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy ugrundaky netijeli işi we ähmiýetli goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk sözlerini beýan etdi....